Türkiýe, Sudanda Gazanylan Ylalaşykdan Hoşal

Türkiýe, Sudanda Gazanylan Ylalaşykdan Hoşal

Türkiýe, Sudanda wagtlaýyn hökümetiň öz işini we Premýer-ministr Abdalla Hamdugyň ýaňadandan wezipesini dowam etdirmegi meselesinde gazanylan ylalaşyga hoşallyk bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berşen beýannamada, “Sudanda Özygtyýarlyk geňeşiniň başlygy Abdulfettah Al Burhan bilen Premýer-ministr Abdullah Hamdugyň arasynda wagtlaýyn hökümetiň öz işini we Premýer-ministr Abdalla Hamdugyň ýaňadandan wezipesini dowam etdirmegi meselesinde gazanylan ylalaşyga hoşallyk bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, Türkiýäniň Sudana we sudanlylara goldaw bermäge dowam etjekdigi nygtaldy.

Beýannamada şeýle hem “Sudanyň başdan geçirýän ynjyk döwründe, Sudandaky ähli halkyň islegleriniň kanagatlandyrylmagy we ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň goralyp saklanmagyna uly ähmiýet berýäris” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Iskederiň Sarkofagy
Prezident Erdogan Sudanyň lideri Al Burhan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
1490 Adamy Sudandan Çykardyk
Türkiýäniň Daşary işler ministri Liwanda saparda bolýar
Sudanlylar Harby Agdarlyşyga Garşy Köçä Çykdy