Türkiye Ugandada mekdebe guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiye Ugandada mekdebe guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, hüjümde ençeme okuwçynyň ýogalmagy zerarly gynanç bildirilýändigi, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirilýändigi, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklarynyň dilenýändigi habar berildi.

Hüjümiň ýazgarylýandygy bellenen beýanatda: "Terrorizmiň islendik görnüşine garşy täsirli göreş alyp barýan ýurdumyz bu kyn günlerde Ugandanyň hökümeti we halky bilen raýdaşlyk içindedir" diýip mälim edildi.

Ugandanyň Mpondwe sebitindäki mekdepleriň birinde guralan terrorçylykly hüjümde 38-i okuwçy, jemi 41 adam ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Burkina-Faso, Siriýa we Uganda Türkmenistanyň Bitaraplygyň dostlary toparyna agza boldy
BURKINA FASO, THE SYRIAN ARAB REPUBLIC AND UGANDA BECAME MEMBERS OF THE GROUP OF FRIENDS OF NEUTRALITY FOR PEACE, SECURITY AND SUSTAINABLE DEVELOPMENT
Ugandada ýeriň süýşmegi netijesinde 5 adam ýogaldy
Türkiye Somalide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy