Türkiýe, Ukraina Häzire Çenli 67 Konteýnerlik Insanperwer Kömegini Berdi

Türkiýe, Ukraina Häzire Çenli 67 Konteýnerlik Insanperwer Kömegini Berdi

Türkiýe, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan gününden bäri Ukraina häzire çenli 67 konteýnerlik ynsanperwer kömegini berdi.

AFAD tarapyndan berlen beýannama görä, Türkiýe ukrain halky üçin jemgyýetçilik guramalarynyň, şäher häkimlikleriniň we degişli edaradyr kärhanalaryň goldaw bermeginde AFAD-yň ýolbaşçylygynda Ukraina ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär.

Türkiýäniň 27-nji fewralda başladan ynsanperwer kömek kampaniýasynyň çäginde şu günki güne çenli sebite AFAD tarapyndan jemi 67 konteýnerlik ynsanperwer kömegi bilen 1 göçme aşhana ugradyldy.

Göçme aşhana mart aýynyň 12-18-i aralygynda Ruminiýanyň Siret gümrük geçelgesinde halka gyzgyn nahar paýlady.

Göçme aşhana arkaly 2022-nji ýylyň 20-njy martyndan bäri bolsa Ukrainanyň Lwow şäherinde halka nahar paýlanýar.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Aşgabatdaky Päk service kärhanasy öý esbaplaryny gysga wagtda göçürmek hyzmatyny ýerine ýetirýär
Türkmenistandan göçýän köpelýär. Rus ilçihanasy uçar nobatynyň ýazgysyny togtatdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny