Türkiye ýewreý gelmişekleriň terroryny ýazgardy we iki döwletli çözgüde howp ýetirýändigini aýtdy

Türkiye ýewreý gelmişekleriň terroryny ýazgardy we iki döwletli çözgüde howp ýetirýändigini aýtdy

Türkiye basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada ysraýylly gelmişekleriň artýan terroryny we bikanun ýaşaýyş jaý gurluşygyny ýazgaryp, bu ýagdaýyň dowamly parahatçylygyň umytlaryny puja çykarýandygy barada duýduryş berdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi beren beýanatynda: "Biz Günbatar Şeriýada soňky wagtlarda artýan ýewreý gelmişekleriň terroryny, bikanun ýaşaýyş jaý gurluşyklaryny şeýle hem Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan palestinalylara garşy edilýän zulumlary ýazgarýarys" diýip habar berildi.

Beýanatda Ysraýylyň anneksiýa amallarynyň we ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyk işleriniň iki döwletli çözgüde zeper ýetirýändigi bellendi we Ankaranyň muny uzak möhletli sebitleýin durnuklylygyň esasy hasaplaýandygy bellenildi.

Ministrlik bikanyn ýagdaýda ýaşaýan ýewreý gelmişekleriň zorlugynyň palestinalylaryň esasy hukuklaryny, esasan hem olaryň ýaşamak hukugyny nyşana alýandygyny nygtady.

Beýanatda şeýle hem: “Sebitde dowamly parahatçylygyň açary bolan iki döwletli çözgüde zeper ýetirmegi maksat edinýän Ysraýylyň anneksiýa amallary we palestinalylaryň esasy hukuklaryny, esasanam ýaşamak hukugyny nyşana alýan ysraýylly gelmişekleriň terrory dessine bes edilmelidir. Bu halkara hukugy hem-de sebitiň durnuklylygy taýdan esasy talapdyr” diýip aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Eýrana garşy uruş dowam edýärkä, Türkiye howa giňişligini goramak üçin Patriot ulgamyny ýerleşdirýär
Türkiye Ysraýylyň Siriýanyň günortasyna guran hüjümlerini "howply giňelmeklik" hökmünde ýazgardy
Türkiye: Katardaky harby dikuçar heläkçiliginde üç türk raýaty ýogaldy
Daşary işler ministri Fidandan Eýrana: "Türk howa giňişliginiň bozulmagy kabul ederliksizdir" diýdi
Erdogan Ankarada Goranmak senagatynyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine ýolbaşçylyk etdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy