Türkiýe-Yrak Howpsuzlyk Mehanizminiň Maslahaty Bagdatda Geçirildi

Türkiýe-Yrak Howpsuzlyk Mehanizminiň Maslahaty Bagdatda Geçirildi

Türkiýe, Yragyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň “ekstremist terror guramasy PKK-nyň Yrakda gadagan edilen guramalaryň hataryna goşulmagy” hakynda kabul eden kararyna kanagatlanma bildirdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Yragyň Premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Fuad Huseýin wekiliýetleriň gatnaşmagynda Yragyň paýtagty Bagdatda duşuşdy.

“Türkiýe-Yrak Howpsuzlyk Mehanizminiň Maslahatyndan” soň çap edilen bilelikdäki jemleýji beýanatda Prezident R.T.Erdoganyň oraz aýyndan soň Yraga gurajak saparyna görülýän taýýarlyklaryň seljerilendigi mälim edildi.

Beýanatda Yragyň syýasy jebisligine, özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine sarpa goýulýandygy nygtalyp, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Türkiýe we Yrak üçin howp bolup durýandygy, adybir guramanyň Yragyň çäklerinde iş alyp barmagynyň Yragyň konstitutsiýasyna bap gelmeýandiniň bellige alynandygy mälim edilýär.

Beýannamada Türkiýäniň, Yragyň milli howpsuzlyk geňeşiniň terror guramasy PKK-nyň Yrakda gadagan edilen guramalaryň sanawyna goşulandygy hakynda kabul edilen kararyň kanagatnalanma döredýändigi, taraplaryň Yragyň çäklerinden Türkiýäni nyşana alýan gurama we onuň şahalaryna garşy görülmeli çäreleriň ara alynyp maslahatlaşylandygy nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Terrorizme garşy göreşde täze döwür
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Ankara-Bagdat liniýasynda täze döwür