
Ankaranyň "Akýurt" deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Alişer Sahatowyň we Abdulla Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilmegi barada karar çykdy. Türkiýäniň çäginde resmi ýaşaýyş rugsady bolan aktiwsitleriň aklawçysy bu karara, şeýle-de olaryň administratiw tussaglygyna şikaýat etdi. Berdimuhamedowlaryň ýiti tankytçylary Sahatowyň we Orusowyň egindeşleri, olaryň Türkmenistana deportasiýa edilen halatynda basyşlara, gynamalara, hatda ýitirim edilmä duçar bolup biljekdigine alada bildirýärler.
39 ýaşly Sahatow 28-nji aprelde irden tussag edildi. Onuň maşgalasy Gülala Hasanowa adamsynyň daňdan raýat eşikli näbelli adamlar tarapyndan polisiýa müdirligine alnyp gidilendigini gürrüň berdi.
28-nji aprelde Sinop şäherinde saklanan 31 ýaşly Abdylla Orusow tussag edilmeginiň öňüsyrasynda Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Migrasiýa edarasyna barýandygyny, sebäbi hasaba durmak barada özüne hem geçen anna güni, hem-de şol gün irden çakylygyň gelendigini aýtdy.
Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan blogerleriň saklanmagynyň sebäpleri olaryň özlerine we ýakynlarynda dessine mälim edilmedi.
Aktiwistleriň Türkiýäniň çäginde resmi ýaşaýyş rugsady bar. Şeýle-de, olar iki ýyl mundan ozal Türkiýäniň Sinop şäherinde halkara gorag statusyny almak üçin ýerli hökümete ýüz tutdular we bu işine seredilmegi üçin nobatda durlar.
Egindeşleriniň aýtmagyna görä, deportasiýa lagerinde olardan bu arzalary bilen baglylykda interwýu geçirilipdir. Olar munuň bu arzalaryny netijelendirmek üçin geçirilendigine çaklamaga esasyň bardygyny nygtadylar. Azatlyk Radiosy türk resmilerinden häzirlikçe resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Aktiwistleriň egindeşleri olaryň işine seretmek üçin aklawçynyň tutulandygyny belläp, 29-njy aprelde onuň müşderileri bilen duşuşyp, olardan degişli ygtyýarnama alandygyny mälim etdiler. Emma olaryň işiniň mazmuny boýunça häzirlikçe anyk maglumat ýok we jikme-jikleriň şu hepdäniň dowamynda aýan edilmegine garaşylýar.
Aklawçynyň sözlerine görä, Türkiýäniň migrasiýa gullugy aktiwistleriň deportasiýa edilmegi boýunça netije çykarypdyr, galyberse-de bu höküme garşy eýýäm resmi şikaýat bilen ýüz tutulypdyr. Mundan başga-da, olaryň deportasiýa lagerinde saklanmagyna garşy hem suda aýry-başga bir şikaýat edildi.
Bu şikaýatlar boýunça kararyň anyk haçan çykjakdygy doly aýdyň däl.
Aktiwistleriň ikisi-de dünýäniň iň repressiw we adam hukuklaryny ýiti depelemek boýunça tankytlanýan Türkmenistanyň awtoritar režimine garşy dowamly çykyşlary edýärdiler. Olaryň Türkmenistana deportasiýa edilen halatynda gynamalara, yzarlamalar we hatda ýitirim edilmä duçar bolup biljekdigine alada bildirilýär.
Sahatowyň “Erkin Garaýyş" YouTube kanalyndaTürkmenistandaky hökümetiň adyna tankyt edilýär, şeýle-de ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi we korrupsiýa ýaly problemalar gozgalýar. Kanalynyň 5 müň çemesi tomaşaçysy bar.
Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Şol bir wagtda, aktiwistiň maşgala agzalary we egindeşleri olaryň işine seredýän aklawçynyň hyzmatlary üçin soraýan pulunyň doly möçberde ýokdugyny aýdyp, pul toplamak boýunça kampaniýa başladandyklaryny bellediler.
“Aklawça 5 müň dollar pul gerek. Şony toplamaga ýardam bolsady. Tölegi göni geçirmeseň bolmaýar. Aklawçy işe garap başlady. Ýöne häzire çenli ýygnalan pul az. Kim näçä kömek edip bilse, bu Abdylla bilen Alişere uly kömek bolardy” diýip, Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa Azatlyga aýtdy.
Blogerleriň saklanmagy jemgyýetçilik reaksiýasyny döretdi. Birnäçe türkmen dissidenti media platformalarynda, şol sanda TikTok, Youtube arkaly adamlara ýüzlenip, tussag edilenlere raýdaşlyk bildirmäge we goldaw bermäge çagyryş etdiler. Hasanowa olaryň meselesiniň üns merkezinde saklanmagynyň hem, aktiwistleriň işine oňyn täsir ýetirip biljekdigine ynanýandygyny aýtdy.
Soňky iki ýyl bäri daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hökümetini açyk tankytlan türkmen raýatlarynyň ençemesi ýitirim boldy we soň olaryň gizlin ýagdaýda watanyna ugradylandygy köpçülige mälim boldy. Olar bilen soňundan aragatnaşyk ýitirim boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.