Türkiýede gozgalmaýan emlägiň bahasy gymmatlady

Türkiýede gozgalmaýan emlägiň bahasy gymmatlady

Türkiýede gozgalmaýan emlägiň bahasy gymmatlady diýip, 24KZ habar berýär. Bu ýurtda kwartiranyň ortaça bahasy 100 müň dollardan geçýär. Bu geçen ýyldakydan 85 göterime golaý gymmatdyr. Şeýlelikde, Türkiýede ýaşaýyş öýüniň bir inedördül metriniň bahasy 780 dollara ýetýär. Iň gymmat ýaşaýyş öýleri Stambulda, Ankarada we Izmirde.

Dördünji orunda Hataý ülkesi ýerleşýär, ol ýerde ýaşaýyş öýüniň bahasy iki esseden hem gymmatlady. Bilermenler munuň sebäbini gurluşyk serişdelerine islegiň we nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen baglaýarlar. Olaryň köp bölegini Türkiýe import edýär. Netijede, ýurda getirilýän käbir gurluşyk serişdeleriniň bahasy 100 göterim artypdyr.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Memorial hassahanalar zynjyry Türkiýäniň iň iri lukmançylyk merkezi
Türkiýede Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli dabara guraldy
Izmir Şambaly süýjüligi
Fahrettin Koja 2024-nji ýylda dogulan ilkinji bäbekleriň suratlaryny paýlaşdy
Energetikada Merkezi Ýurt: Türkiye