
Türkmen Helsinki gaznasy Türkiýede saklanan we soňra Ankaradaky deportasiýa merkezinden Edirne we Kyrklareli deportasiýa merkezlerine, aýry-aýry ýerlere geçirilen türkmen aktiwistleriniň saklanyş şertlerini anyklandygyny, Abdylla Orusowdan ýene Türkmenistana iberilmegine meýletin razylyk’ bermeginiň talap edilendigini, onuň çep döşünde dörän agyrydan ejir çekýändigini, Alişer Sahatowyň dümewländigini habar berýär.
Kyrklareli şäheriniň deportasiýa merkeziniň başlygy 22-nji maýda Orusowy çagyryp, onuň Türkmenistana iberilmegine meýletin razylyk berýändigi baradaky hata gol çekmegini talap etdi, “Olar munuň Ankaranyň talabydygyny aýtdylar, men gol çekmedim” diýip, adam hukuklaryny goraýan gurama Orusowyň telefonda eden gürrüňine salgylanyp ýazdy.
Abdylla eýýäm ikinji hepde döşüniň çep tarapynda dörän agyrydan şikaýat edýär, lukman onuň ýagdaýy bilen tanyşdy we degişli dermanlary ýazyp berdi, olary getirdiler, saklanyş şertleri we iýmit meselesinde onuň başga şikaýaty ýok diýip, habarda bellenýär.
Alişer Sahatow Edirnä geçirenlerinden soň “agyr dümewledi, birnäçe günläp gyzdyrdy, derman içdi we häzir onuň ýagdaýy kanagatlanarly”.
“Bu ýerde saklanyş, azyk-suwluk şertleri kadaly we işgärleriň gatnaşygy Ankaradaky bilen deňeşdirilende has gowy” diýip, Sahatow telefon gürrüňinde özüniň “ruhdan düşmeýändigini” aýdypdyr.
Edirnede saklanylýan migrantlara günde günortan naharyndan öň we soň (jemi 6 sagat) arassa howada gezelenç etmek mümkinçiligi döredilýär, olar galan wagtlaryny gulp astynda oturyp geçirmeli bolýarlar.
Azatlyk bu maglumatlaryň anyk çeşmeleri bilen gyzyklanyp, düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki gaznasyna telefon etdi.
“Ýagdaý şeýle, biz olar bilen wagtal-wagtal bir adamyň üsti bilen habarlaşýarys. Ýöne ol adam hem Türkiýede ýerleşýär we men onuň adyny agzamak islemeýärin. Oglanlar onuň bilen wagtal-wagtal habarlaşyp durýarlar we şonuň üsti bilen bize öz ýagdaýlary barada habar berýärler” diýip, hukuk goraýjy Annadurdy Hajyýew aýtdy we gaznanyň başlygy Täjigül Begmedowanyň Sahatowayň ýanýoldaşy bilen habarlaşýandygyny sözüne goşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, Sahatowyň we Orusowyň aklawçylary olar tussag edilen badyna şikaýat etdiler.
Türkmen Helsinki gaznasy bu şikaýat netijesinde aktiwistleriň derhal deportasiýa edilmeginiň öňüniň alnandygyny we kazyýet işine başlanylmagyna şert dörändigini belleýär.
Şeýle-de, tussag edilenlerinden soň, aktiwistleriň aklawçysy olaryň öňüni alyş çäreleriniň çalşylmagyny sorady, bu olaryň kazyýet kararyna çenli erkinlikde bolmagyna ýol açjakdy. Emma muňa garamazdan, Kyrklareli we Edirne şäherleriniň kazyýetleri aklawçynyň haýyşyny ret etdi.
Hukuk goraýjy Hajyýewiň pikiriçe, onuň golaýda syýasy aktiwist Nurmuhammet Hanamow bilen gaznanyň YouTube kanalynda gurnan söhbetdeşliginde hem aýdyşy ýaly, aktiwistleriň ýagdaýy meselesinde çak, çen etmek gerek däl.
“Türk kanunçylygy bar we aklawçy bu kanunçylyk esasynda kazyýete olaryň deportasiýa edilmegine garşy şikaýat arzasyny berdi. Bu şikaýat arzasy kabul edildi. Şu sebäpden, mundan aňyrda boljak ýa görüljek ähli çärelere diňe türk kazyýeti tarapyndan serediler. Türk kazyýeti nähili karara çykarar, häzirlikçe muny hiç kim bilmeýär” diýip, Hajyýew telefon gürrüňinde aýtdy.
Şol bir wagtda, ol aklawçy bilen işleşen wagtlarynda oňa Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulýan ýagdaýlary hakynda bar bolan ähli materialy gowşurandyklaryny, ol materiallarda adamlaryň gynalmagy, olara edilýän basyşlar, türmelerde ýitýän adamlar, jenaýat işleriniň galplaşdyrylýan halatlary barada anyk maglumat berilýändigini aýtdy.
Türkiýede saklanan türkmen aktiwistleri barada çykan soňky habarda bellenilmegine görä, tomusky dynç alyş möwsümi nazarda tutulanda, kazyýetiň olaryň işlerine seretmegi birnäçe aý wagt alyp biler. Ýöne Hajyýew kazyýet seljermesinden öň ýene aklawçy bilen habarlaşyp, Türkmenistanda ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanýan adamlaryň düşüp biljek agyr ýagdaýlaryny ýene bir gezek ýatlatjakdyklaryny nygtady.
Metbugat habarlaryna görä, türk häkimiýetleri 5-nji maýda Sahatow bilen Orusowa bosgunlyk durumynyň berilmeýändigi barada resmi habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.