Türkiyede şu gün Prezident saýlawy geçiriler

Türkiyede şu gün Prezident saýlawy geçiriler

Türkiyäniň syýasy taryhynda ilkinji gezek başdan geçiriljek Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin ses bermek işleri Türkiyäniň wagty bilen sagat 08:00-da başlap, sagat 17:00-a çenli dowam eder.

Türkiyäniň mundan soňky 5 ýylyň Przidentiniň kesgitlenjek saýlawda, 14-nji maýda geçirilen Prezident saýlawynyň ilkinji tapgyrynda iň köp ses alan Halk ýaranlygynyň dalaşgäri Rejep Taýýip Erdogan bilen Millet ýaranlygynyň dalaşgäri Kemal Kylyçdarogly özara bäsleşer.

Daşary ýurtda saýlaw sanawynda hasaba alynan takmynan 3,5 million saýlawçy üçin, dünýäniň 73 ýurdunda 151 wekilhanada 167 saýlaw merkezinde saýlaw sandyklary emele getirildi.

Daşary ýurt wekilhanalarynda ses bermek işleri 24-nji maýda tamamlanypdy. Daşary ýurtlarda berilen sesler uçarlar we diplomatik kurýerler bilen Türkiyä getirilipdi.

Paýtagt Ankara şäherinde Daşary ýurt etrap saýlaw geňeşinde saklanýan sesler, şu gün ýurduň ähli ýerinde ses bermek işleri tamamlananyndan soň, beýleki sesler bilen bir wagtda açylyp, sanalmaga başlanar.

Ýaşaýan ýurtlarynda kesgitlenen möhlet aralygynda ses berip bilmedik saýlawçylar üçin gümrük gapylarynda döredilen saýlaw merkezlerinde bolsa ses bermek işleri şu gün sagat 17:00-a çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkiýedäki saýlawlar türkmenistanlylar üçin täsirli boldy
Ankara-Bagdat liniýasynda täze döwür
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Terrorizme garşy göreşde täze döwür
Kalyn Amerikan Wekiliýeti Bilen Duşuşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi