Türkiýede ýertitremeden soňra müňlerçe binany ýykarlar

Türkiýede ýertitremeden soňra müňlerçe binany ýykarlar

Türkiýede sekiz müňe golaý binany ýertitremeden soňra ýykmaly bolar. Bu barada ýurduň Şäher gurluşygy we daşky gurşaw ministrligine salgylanýan RIA Nowosti habar berdi. Bu barada News.ru ýazýar.

Tebigy heläkçilikden soňra geçirilen binalaryň ýagdaýyny bahalandyrmaga hünärmenleriň 6 müňüsi gatnaşdy.

Häzirki wagtda biz ülkeleriň 10-synda binalaryň 132 müň 898 sanysyna baha berdik, olaryň 7584-si ýykyldy ýa-da olary gyssagly ýykmak gerek. Binalaryň 12617 sanysy ýaşamak üçin ýaramsyz diýlip, habarda aýdylýar.

Ýertitreme netijesinde binalaryň 31 müňden gowragyna bölekleýin şikes ýetdi, 60 müňden gowragy doly abat galdy.

Ministrlik 10 ülkedäki binalaryň ählisiniň barlagynyň üç-dört günde tamamlanjakdygyny habar berdi.

Öň ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasynyň töwekgelçilikleriň derejesini azaltmak bölüminiň baş direktory Orhan Tatar ýertitremäniň güýjüniň 500 atom bombasynyň partladylmagyna deň bolandygyny, birinji ýertitremäniň 65 sekunt, ikinji gezek 45 sekunt dowam edendigini habar berdi aýtdy.

Soňky maglumatlara görä, 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky merkezi Kahramanmaraş ülkesine düşen we Siriýanyň birnäçe etrabynda bolan ýertitremede heläk bolanlaryň sany 24 müň adama ýetdi.

MIR 24 ýurduň Hataý ülkesinde ýertitremeden soňra ägirt uly seýsmiki jaýrygyň dörändigini habar berdi. Zeýtun bagly meýdanyň çäginden geçýän jaýrygyň çuňlugy 30 metr, ini 200 metr töweregidir.

Ýerasty sarsgynlar goňşy ýurtlaryň birnäçesinde, şol sanda Siriýada, Liwanda, Kiprde we Yrakda hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Türk zeýtun ýagynyň eksporty artýar
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guran soňky hüjümlerinde ýene-de azyndan 10 çaga ýogaldy
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýene-de Bir Žurnalist Öldürildi