Türkiyeden dünýäniň 54 ýurduna pomidor eksport edildi

Türkiyeden dünýäniň 54 ýurduna pomidor eksport edildi

Türkiyeden 2022-nji ýylda amala aşyrylan pomidor eksportyndan alynan girdeji, 2021-nji ýyla garanyňda 4 göterim artyp, 377 milion 418 müň dollara ýetdi.

Günorta-gündogar Anadoly eksportçylar bileleşiginden berilen maglumata görä, eksportçylar geçen ýyl aralarynda Rumyniýa, Ukraina, Bolgariýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Çehiýa, Şweýsariýa, Ispaniýa, Gazagystan, Latwiýa, Russiýa, Polşa we Malaýziýa ýaly ýurtlar bolan dünýäniň jemi 54 ýurduna 526 müň 703 tonna pomidor eksport etdi.

Pomidordan geçen ýyl 377 million 418 müň dollar girdeji alan eksportçylar 2021-nji ýylda 362 million 993 müň dollar bolan eksportyny 2022-nji ýylda 4 göterim artdyrdylar.

Türkiyäniň iň köp pomidor eksport eden ýurtlaryň hatarynda Rumyniýa ilkinji orunda durýar.

Rumyniýadan soň Ukraina we Bolgariýa ýaly ýurtlar gelýär.

Ýene degişli makalalar

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada resminama gowşuryldy
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada habar berildi
Zähmet migrantlary türkmen diplomatlaryny parahorlukda aýyplaýar
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrar
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça kanun kabul edildi