Türkiýeden Gaza 51 Konteýnerlik Lukmançylyk Enjamlary Kömegi Ugradyldy

Türkiýeden Gaza 51 Konteýnerlik Lukmançylyk Enjamlary Kömegi Ugradyldy

Gaza üçin lukmançylyk enjamlary kömegini alyp giden gämi Izmirden ugrady.

Türkiýe, sebite göçme hassahana bilen birlikde 20 tiz kömek ulagyny ugratdy.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, jemi 51 konteýnerlik lukmançylyk enjamlary kömegi we generator bilen 20 tiz kömek ulagyny alyp giden gäminiň Izmiriň Alsanjak portundan Müsüre tarap ugrandyğyny habar berdi.

Lukmançylyk enjamlary kömegi, döwrebap göçme hassahanalardan, dermandan we tiz kömek ulaglaryndan ybarat.

Gäminiň ertir Müsüriň Al Ariş portuna barmagyna garaşylýar.

Saglygy goraýyş ministri Koja, ozal hem lukmançylyk enjamlaryndan we generatodan ybarat 8 ýük uçarynyň Müsüriň Al Ariş howa menziline barandygyny nygtady.

Türkiýe şu günki güne çenli sebite howa ýoly arkaly 230 tonnalyk ynsanperwer kömegini ugratdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär
Fahrettin Koja 2024-nji ýylda dogulan ilkinji bäbekleriň suratlaryny paýlaşdy
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
Fahrettin Altun TRT Arap kanalynyň işgärlerine garşy guralan hüjümi ýazgardy
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Izmir Portuna Möwsümiň Ilkinji Kruiz Gämisi Geldi