Türkiýeli telekeçi $1,6 milliona ýakyn türkmen nah ýüplügini satyn aldy

Türkiýeli telekeçi $1,6 milliona ýakyn türkmen nah ýüplügini satyn aldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarynda türkiýeli işewür umumy bahasy 1,6 million ABŞ dollaryna ýakyn bolan dürli görnüşli nah ýüplük satyn aldy.

Biržada Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn almaga geleşikler baglaşdy. Eksporta dürli görnüşli nah ýüplükleriň 482 müň kilogramdan gowragy iberiler. Bu barada TDHÇMB çarşenbe güni mälim etdi.

TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçirilen söwdalarynda Gyrgyzystanyň we Hindistanyň telekeçileri dürli görnüşli nah ýüplügiň 400 müň kilogramyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 23,1 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýä Geldi
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $18,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalanyldy
TDHÇMB: Owganystanly işewürler $7,4 millionlyk dizel ýangyjyny satyn aldylar
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $19 milliona golaýlady