Türkmen aeroportlaryndaky durgunlygyň arasynda, resmiler raýat awiasiýasynyň ösdürilýändigini aýdýar

Türkmen aeroportlaryndaky durgunlygyň arasynda, resmiler raýat awiasiýasynyň ösdürilýändigini aýdýar

Türkmenistanyň käbir howa menzilleriniň uçarlara tehniki hyzmat ediş mümkinçilikleri bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýurtdaky halkara aeroportlaryň raýat awiasiýasy ulgamyny halkara ülňülere laýyk getirmek ugrunda tagalla edilýändigini aýdýar.

Ministrler Kabinetiniň 24-nji noýabrda geçiren mejlisinde Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýew transport ulgamynda, şol sanda halkara howa menzilleri boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine (TDH) göra, prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň “halkara howa menzillerinde uçuşlary talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady” hem-de “uçuş barlaglarynyň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy”.

Şeýle tabşyryklaryň arasynda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary halkara howa menzilleriniň töwereginde dowam edýän problemalar barada habar berýärler.

Türkmenistanyň Aşgabat, Türkmenabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Mary we Kerki aeroportlary halkara aeroport hökmünde bellige alnypdyr. Ýöne halkara gatnawlar köplenç diňe Aşgabat halkara howa menzilinde ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ulgamyndan habarly çeşmelerimiz ýurduň aeroportlarynyň uçarlara tehniki hyzmat ediş mümkinçilikleriniň pes bolandygy sebäpli, daşary ýurt uçarlarynyň tehniki hyzmatlar üçin türkmen aeroportlaryny seýrek saýlap alýandyklaryny habar berýärler. Käbir aeroportlara daşary ýurt uçarlary asla gonmaýar.

“Türkmenistanyň aeroportlarynda uçarlaryň tehniki hyzmatlary pes derejede alnyp barylýar. Şonuň üçin daşary ýurtlaryň uçarlary türkmen aeroportlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga kän bir isleg bildirmeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň awiasiýa ulgamyndaky çeşmeleri aýdýar.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Yslam ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilýän täze aeroportyň gurluşygy dowam edýär. 2021-nji ýylyň tomsunda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde, Türkmenabat Kerki awtoulag ýolunyň hem-de şäher demir ýol menziliniň golaýynda sagatda 100 ýolagçy geçirmäge niýetlenen täze bir halkara howa menzili ulanylmaga berildi.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri häzirki wagtda bu howa menzilinden diňe paýtagt Aşgabada uçar gatnawlarynyň amala aşyrylýandygyny aýdýarlar.

“Kerkiniň halkara howa menziline daşary ýurt uçarlary gonmaýar. Bu ýerden Aşgabada günaşa bir gezek reýs bar. Bu uçar gatnawynyň girdejisi hatda aeroportda sarp edilýän elektrik energiýasynyň, gazyň we suwuň çykdajylaryny ýapmaga ýetmeýär. Kerkiniň aeroportunda başga ugurlar boýunça gatnaw ýok. Alty aý mundan ozal Daşoguza gatnaw bardy, ýöne bu uçar gatnawyny hem ýatyrdylar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary Türkmenabat halkara howa menzilininiň pes tehniki mümkinçilikleri, uçarlara ýangyç guýmagyň töweregindäki problemalar barada habar berdiler. Awiasiýa pudagyndaky çeşmelerimiz 2018-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen bu aeroportda heniz hem uçar ýangyç beketleriniň doly işe girizilmändigini habar berýärler. Uçarlar üçin zerur bolan ýangyç serişdeleri aeporta ýangyç daşaýan ýük ulaglary bilen daşalýar.

Hökümet resmileri raýat awiasiýasy ulgamynyň halkara üňlülere laýyk getirilýändigini aýdýan mahaly, iki ýyl töweregi mundan ozal açylyp ulanylmaga berlen Kerki halkara howa menzilinde işgär sany azlyk edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary diňe Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlary ýola goýlan bu aeroportda üç-dört adamyň etmeli işiniň bir işgäriň üstüne ýüklenilýändigini habar berýärler.

“Bu aeroport iki ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýär. Ýöne heniz hem iş orunlary doldurylmady” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy. Meselem, garawul hökmünde işe kabul edilen adamlar tam süpürijleriň hem-de bagbanlaryň işlerini hem ýerine ýetirmeli bolýar.

Ýurduň halkara howa menzilleri we “Türkmenistan” awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” agentliginiň garamagyndadyr. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi “Türkmenhowaýollary”, Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoluaglary” we başga-da birnäçe ulag we aragatnaşyk gulluklaryna gözegçilik edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat halkara howa menziliniň ýangyç beketleri heniz hem doly işe girizilmedi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Balkan welaýatyndaky kärhana palçykdan bejeriş önümleriniň önümçiligini artdyrýar
“Türkmen kaolin” AGPJ-nyň kaolin önümhanasynyň düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri tamamlaýjy tapgyrda
Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi, Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdiler, Aşgabatda hindi sarisiniň bäsleşigi geçirildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi