Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşar

5 16-njy dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagtynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndy topary Stambulyň üsti bilen Bogota ugrady. Bu çempionat erkekleriň arasynda 87-nji we zenanlaryň arasynda 30-njy ýaryş bolar.

Dünýä çempionatyny Hytaýyň Çunsin şäherinde geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne 2022-nji ýylyň martynda pandemiýa sebäpli, Hytaý ýaryşlary geçirmekden ýüz öwürdi. Halkara Agyr atletika federasiýasy (IWF) ýaryşyň geçiriljek täze ýerini 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde yglan etdi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine 11 adam, şol sanda 7 türgen girdi.

Ýaryşda Türkmenistana 6 erkek türgen: Bunýad Raşidow (67 kilograma çenli agram derejede), Maksat Meredow (73 kilograma çenli), 2017-nji ýylyň dünýä wise-çempiony Rejepbaý Rejepow (81 kilograma çenli), Şatlyk Şöhradow, Şahzadbek Mätýakubow (ikisi-de 89 kilograma çenli) we Döwranbeg Hasanbaýew (102 kilograma çenli) wekilçilik eder.

Zenanlar toparynyň düzüminde gyzlaryň (17 ýaşa çenli) we ýetginjek gyzlaryň (20 ýaşa çenli) arasynda 16 ýaşly Aziýanyň wise-çempiony Anamjan Rustamowa ýaryş meýdançasyna çykar. Munuň özi onuň üçin ulularyň dünýä çempionatynda ilkinji çykyşy bolar.

Bogota şäherindäki dünýä çempionaty agyr atletikaçylar üçin 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk almak ugrundaky ilkinji saýlama ýaryşy bolar.Oňa 2022-nji ýylyň martynda IWF tarapyndan agzalygy wagtlaýyn togtadylan Russiýadan we Belarusdan başga 110-dan gowrak ýurtlardan 695 (359 erkek we 336 zenan) türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. 2022-nji ýylyň oktýabrynda KHDR hem dünýä çempionatyna gatnaşdyrylmady. 24-nji noýabrda bolsa Pakistanyň we Malaýziýanyň ştangaçylary DÇ-2022-ä gatnaşmajakdyklaryny aýtdylar.

Bu barada “www.turkmenistan.gov.tm” saýty habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty başlady
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň aýdymçy ýaşlaryny sylaglady
Lebapda şaşka boýunça welaýat birinjiligi geçirildi
Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşynda ýurdumyzyň tennisçileri üstünlikli çykyş etdiler
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmendemirýollary agentliginiň ýolbaşçysy azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy