Türkmen alabaýy Kazanda geçirilen itler bäsleşiginde

Türkmen alabaýy Kazanda geçirilen itler bäsleşiginde

Akdus atly türkmen alabaýy Kazanda geçirilen Top Dog Tatarystan — 2021 atly itler bäsleşigine gatnaşdy.Akdusyň düşürilen wideosy Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň sosial ulgamdaky sahypasynda ýerleşdirildi.Wideoşekillerde Akdusyň söweş ukybynyň barlanyşy we itşynas hünärmen bilen aýlaw meýdançasynda ylgaýşy ýaly pursatlar şöhlelendirilipdir.

Alabaýy heniz güjüjekkä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa sowgat berendigini bellemelidiris.Tatarystanyň Lideri alabaýa Akdus adyny dakypdyr, bu tatar dilinden terjime edilende Ak dost diýmegi aňladýar.

Top Dog Tatarstan — 2021 bäsleşigi Kazan Expo halkara sergi merkezinde geçirildi we Tatarystan Respublikasynyň Itşynaslar federasiýasy, Kazan Expo tarapyndan guraldy. Çäräniň maksatnamasy Halkara Itşynaslar Federasiýasynyň toparlary boýunça ähli tohuma degişli itleriň gözden geçirilişini, Tatarystan boýunça 2021-nji ýylyň iň gowy itini saýlamagy we Tatarystan Respublikasynyň Itşynaslar Federasiýasynyň öňdebaryjy tohumçylarynyň gatnaşmagynda tohum seljeriş işini öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanyna iki alabaýy sowgat berdi
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY
Gurbanguly Berdimuhamedow “KazanForm” halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Kazana bardy
Rustam Minnihanow “Kazan Halal Market” ýarmarkasyndaky Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazan şäheriniň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky ÇYKYŞY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ KAZAN ŞÄHERINIŇ YSLAM DÜNÝÄSINIŇ MEDENI PAÝTAGTY DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI YHG-NYŇ MASLAHATYNDAKY ÇYKYŞY