Türkmen alabaýynyň Aşgabatda dikilýän heýkeli we alabaýyň 'milli aňyýeti güýçlendirmekdäki' orny

Türkmen alabaýynyň Aşgabatda dikilýän heýkeli we alabaýyň 'milli aňyýeti güýçlendirmekdäki' orny

Türkmen alabaýyna Aşgabatda dikilýän ýadygärlik noýabr aýynyň dowamynda azyndan iki gezek döwlet baştutany derejesinde Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde gün tertibine getirildi. Ýewraziýa boýunça ekspert hem-de "Türkmen bolmagy öwrenmek: Sowatlylyk, dil we häkimiýet" (Learning to Become Turkmen: Literacy, Language, and Power, 1914-2014) kitabynyň awtory Wiktoriýa Klementiň golaýda Fransiýanyň "France 24" neşirinde sitirlenmegine görä, ekspert heýkel bilen baglylykda türkmen alabaýy hakynda şeýle diýdi: "Türkmenistanyň territoriýasy ymykly türkmendir diýen düşünjäni beketmekde alabaý döwlete ýardam berýär” Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen bu tema boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

Eýsem, alabaý türkmen çäginiň ymykly türkmen diýip kesgitlenmeginde nähili hyzmaty berjaý edýär?Milli aňyýetiň ornaşdyrylmagynda türkmen alabaýyndan nähili peýdalanylýar?Alabaý itiniň näme aýratynlygy bar?Bu barada aýratyn ylmy-taryhy açyşlar barmy?

Daşary döwletlerde haýwanlara dikilýän başga nähili ýadygärlikler bar, olaryň aňyrsynda nähili taryhy faktlar ýa-da rowaýatlar bar? Şeýle soraglaryň töwereginde taýýarlanan gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň!

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
Salam, Dogan!: Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
“Tagt oýunlary” ýa-da Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdary prezidentlige taýýarlaýarmy?
Konstitusiýany üýtgetjek toparyň mejlisi geçirildi, bu toparyň ýanynda ýene-de bir Topar döredilýär