Türkmen alymlary Magtymguly hakda täze maglumatlary gözleýärler

Türkmen alymlary Magtymguly hakda täze maglumatlary gözleýärler

Magtymgulynyň we beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň ömri hem döredijiligi, türkmen halkynyň taryhy we edebiýaty barada täze taryhy maglumatlary tapmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Täjigistana iş sapary amala aşyrarlar.

Olar 5 — 25-nji noýabr aralygynda kitap we golýazmalar gaznalarynda işlärler, milli mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglarda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin täjik kärdeşleri bilen duşuşarlar.

Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Ýurduň alymlary Täjigistanyň esasy milli kitap saklanýan gaznasy we respublikanyň öňdebaryjy ylmy-barlag instituty derejeli Abulkasym Firdousi adyndaky Milli kitaphananyň gorlaryny öwrenerler. Onuň gaznasynda üç milliondan gowrak özboluşly medeni we çeper eserler gymmatlyklary bar. Kitaphananyň gaznasynda iki müň nusgadan gowrak gündogar golýazmalar ýygyndysy bar.

Habarda bellenilişi ýaly, Duşenbe şäherinde türkmen alymlary Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş we ýazuw mirasy institutyna baryp görerler, bu ýerde golýazmalary toplamak, saklamak, ylmy taýdan beýan etmek we kataloglaşdyrmak hem-de olaryň elektron nusgalaryny döretmek boýunça ençeme işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Gündogar golýazmalar gaznasynda 5750-den gowrak golýazma kitaby we täjik, pars, arap, türk we beýleki dillerde 6350-ä golaý daşbasma ýazgylardyr on müňlerçe dürli ylmy işler hem-de gadymy we orta asyrlar ylmynyň hem medeniýetiniň ähli ugurlary boýunça eserler bar.

Golýazmalaryň, daşbasma ýazgylaryň sany, ylmy we medeni ähmiýeti taýdan Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogar golýazmalar gaznasy Merkezi Aziýada iň irileriniň biridir.Onda saklanýan taryhy çeşmeler diňe bir täjigistanly alymlar däl, eýsem, daşary ýurtly gündogarşynaslar üçin hem ylmy barlaglara esas bolup hyzmat edýär.

Olardaky gymmatly maglumatlar, Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň taryhynyň, edebiýaty, dil biliminiň, tebigy ylymlaryň, filosofiýanyň, dini we sungatlaryň dürli meselelerini öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş we ýazuw mirasy instituty ýurtlaryň köpüsiniň, şol sanda Türkmenistanyň gündogary öwreniş merkezleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Akyldar nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemäge taýýarlygyň çäklerinde türkmen alymlary onuň durmuşy we döredijilik mirasy barada täze golýazmalarydyr beýleki çeşmeleri işjeň gözleýärler.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Eýranyň şäherlerine ylmy-döredijilikli saparlarynda bolup, şol ýerlerdäki ylmy merkezleriň kitaphanalarynda we golýazma gorlarynda saklanýan türkmen halkynyň edebi hem-de taryhy çeşmeleri bilen tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory bilen duşuşdy
Berdimuhamedow Hökümetiň 10 aýyň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
05.11.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Aşgabatda ylmy maslahat geçirildi