Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

5-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň başyndaky duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi.Bar bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin şertleri döredýär.

Türkmenistan — ABŞ işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine Case New Holland Industrial, Climate Compass LLC, Honeywell, John Deere, Palo Alto Networks, VISA, Westport Trading Europe Limited ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

Maslahatyň dowamynda şeýle duşuşyklaryň netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, maýa goýum işini höweslendirmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanylyp durmuşa geçirilýän daşary syýasy ugur türkmen bazarynyň daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar üçin özüne çekijiligini artdyrýar.

Dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň, işewürligi alyp barmagyň has oňaýly guramaçylyk-hukuk guralynyň döredilmegi dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.

Uzak ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli pudaklarynda üstünlikli işleýändigi bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Türkmenistan — ABŞ işewürlik geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. 2008-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen bu geňeş uzak möhletleýin geljege niýetlenip, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.

Onuň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we maslahatlar iki ýurduň döwlet düzümleriniň, işewürler toparlarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döredýär.

Energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Häzirki döwrüň şertlerini we Türkmenistanyň möhüm ekologik meseleleri milli, sebit hem-de ählumumy derejede çözmek babatda durmuşa geçirýän maksada gönükdirilen başlangyçlaryny nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler bar.

Maýa goýumlar hem geljegi uly ugurlaryň biridir.Maslahatyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy we ony doly durmuşa geçirmek üçin çemeleşmeler kesgitlenildi, esasy ugurlarda bilelikdäki işiň meýilnamasy bellenildi. Şunda soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ABŞ-ly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklarynyň göz öňünde tutulmagy taraplaryň ikisiniň hem anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleriniň aýdyň güwäsidir. Senagat, nebitgaz we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda, elektroenergetika, maliýe-bank, söwda, oba hojalygy, ekologiýa ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.

Şeýle hem işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi. Case New Holland Industrial kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilelikdäki forumyň jemlerini jemledi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
“Türkmengaz” täze kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar
Türkmengaz BAE-niň kompanýasyndan kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn alar
“Türkmengaz” BAE-niň kompaniýasyndan kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn alar