Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar

Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Bişkek şäherinde Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwaly geçiriler. Bu halkara festiwala türkmen artistleri hem gatnaşar.

Halkara festiwala ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etjek Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary halkara festiwalyň çäklerinde Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş ederler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Çaryýewiň ýolbaşçylygynda halkara teatr festiwalyna gatnaşjak ildeşlerimiz 6 — 13-nji dekabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Režissýor Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran Ak gämi spektakly özboluşly çözgütlere, dartgynly wakalara baý.Režissýor Ç.Aýtmatowyň eserinde gozgalýan durmuş meselelerini inçelik bilen yzarlap, onuň öňe süren pikirini çugdamlamagy, tomaşaçylaryň kalbyna ýakynlaşmagyny gazanypdyr.

Ejesi bilen kakasy aýrylyşan, Nurgazy atly oglanjyk mamasy bilen babasynyň elinde galýar.Ol bütinleý ünsden düşürilen çaga.Diňe babasy ol hakda aladalanýar, onuňam agyr zähmet zerarly wagty çäkli. Öz-özi bilen ýalňyz galan oglanjyk Yssyk kölüň kenaryna baryp, ak gämini synlamakdan, ak gämide işleýän kakasyna duşmakdan başga arzuwy ýok.

Ol ak gämä ýetip bilse, bar zat düzeläýjek ýaly, ähli adamlar dost-dogan bolaýjak ýaly duýulýar.Ak gämi onuň durmuşynda ýetilmedik, ýöne ýetäýmeli uly sepgit, beýik maksat bolup dur. Ýöne nädip ak gämä, maksadyňa ýetmeli?!

Onuň üçinem oglanjyk balyga öwrülmegi göwnüne düwýär.Suwa çümse, ol balyga öwrüljekdigine şeýle bir ynanýar.Soňam, Ene sugun hakyndaky gadymy tymsal filosofiki hem psihologiki duýgular bilen spektakly baýlaşdyryp, çuňňur pikirlenmäge mejbur edýär.

Ak gämi powestinde oglanjyk heläk bolýan bolsa, Ak gämi sahna eserinde oglanjyk diňe bir halas bolman, kakasy, ejesi, jigileri bilen duşuşýar. Şeýle seredeniňde režissýoryň bu çözgüdi eseriň süňňüne, ýazyjynyň göz öňüne tutan sýužet ýordumyna zeper ýetiräýjek ýaly. Ýöne akylyň gözi bilen seretseň, powestdäki tragizm sahna eserinde iki esse ulalýar hem biygtyýar gözýaşlaryň dökülmegine sebäp bolýar.

Biz eserdäki oglanjygyň hasratly ykbalyna meňzeş ykballara hiç hili täsirimizi ýetirip bilmeýänimiz üçin ahmyr edýäs, oglanjygyň maksadyna ýetişine bolsa guwanýas.Ahmyr hem guwanç gözýaşy!..Munuň özi sungat ahwetin!

Belläp geçsek, türkmen teatrlarynyň sahnasynda Çingiz Aýtmatowyň eserleri esasynda birnäçe oýunlar sahnalaşdyrylyp tomaşaçylara ýetirildi.Gyrgyz ýazyjysynyň Ak gämi atly sahna eseri boýunça Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda hem adybir oýun sahnalaşdyryldy.

Türkmenistanlylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan sahna eseri şu ýylyň 14 — 16-njy noýabrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde geçirilen Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar
Ildeşlerimiz Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular
Ildeşlerimiz Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular
Gülälek Akmyradowa halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşar
Gülälek Akmyradowa halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşar