Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň işiniň netijeliligini bellediler we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmegine ünsi çekdiler. Şu nukdaýnazardan, medeniýet, sungat, ylym we bilim pudaklarynda özara gatnaşyklary has hem giňeltmek mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.

Duşuşykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler bilen bir hatarda Arkadag şäherinde geçirilen we işjeň türkmen-awstriýa döredijilik gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrülen VI Wena balynyň ähmiýetini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
R.Meredow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy
Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy