Türkmen "bagtyýarlygynyň" aýallara ýetýän bölejigi bilermeniň pikiri

Türkmen "bagtyýarlygynyň" aýallara ýetýän bölejigi  bilermeniň pikiri

Kümüş Baýryýewa syýasy synçy, Aşgabat

Syýasy bilermen türkmen häkimiýetleriniň jemgyýetde aýallaryň hukuklarynyň gysylyşy baradaky oňaýsyz syýasaty beýan edýär. Syýasy bilermeniň pikirine görä, olar döwletiň progrese garşy alyp barýan syýasatynyň bendileri bolýarlar.

Geçen hepde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan, adaty bolmadyk brifing geçirildi we ol BMG-niň esasy mehanizmleriniň biri bolan Adam hukuklary boýunça, Ähliumumy döwürleýin hasabatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň hasabatynyň netijelerine bagyşlandy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda bu brifing barada ençeme sözler we ýazgy bar, ol söz toplumyndan anyk bir zada düşünmek örän kyn.Bu barada РИА Новости öz hasabatynda, takygrak aýtdy, şondan belli bolşuna görä, esasy gürrüň türkmen hökümeti tarapyndan, halkara derejesinde kanunalaýyk ýagdaýda ýüze çykan negatiw ýagdaýlary söndürmek’ maksady bilen "antikriz" gurnalypdyr.

Brifingde esasy özen Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagy barada, ençeme neşirleriň ýaýradan habarlarynyň ýalandygyny ýüze çykaryp, olary inkär etmeklik boldy.Bu tema boýunça däp bolan nutukçy, Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew "hamana bozulmalar" adalgasyny goşup, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde "hamana bozulmalar" baradaky aýdylanlara ynanmazlygy maslahat berdi. Şol çap edilen makalalarda aýallaryň maşyn sürmeginiň resmi bolmadyk ýagdaýda gadagan edilmegi, olaryň sürüjilik şahadatnamasynyň elinden alynmagy, iş ýüzünde aýallara sürüjilik şahadatnamasynyň berilmezligi we täzelenmezligi barada aýdylýardy.

Daşary ýurt metbugatyndaky beýleki bir köp sanly çykyşlar jemgyýetçilik ýerlerinde, aýallaryň göze ilginç boýlan, ýüzünde we bedeniniň beýleki agzalarynda botoksyň yzlary bolan ýa-da saçyny tebigy däl reňke boýan, "däp-dessura" laýyk geýinmeýän ahlak kadalaryna garşy köpçülikleýin barlaglar bilen baglanyşykly boldy.

Bu kampaniýalaryň ählisi, dogrudan-da, bolup geçdi we jemgyýetiň, şol sanda daşary ýurt köpçülikleýin habar serişdeleriniň, şeýle hem birnäçe adam hukuklary we Günbataryň feminist guramalarynyň ünsüni özüne çekip, uly seslenme döretdi.

Ýagdaý şeýle derejä ýetip, aýallara sürüjiniň ýanynda, taksiniň öňünde oturmak gadagan edildi. Ähli gözellik salonlarynda barlag geçirilip, täze kabul edilen ahlak kadalarynyň bozulýan ýerlerini aýan etmäge çalyşdylar.Meýkap we botoks berk gadagan edildi, ýörite adamlar döwlet edaralarynyň girelgesiniň öňünde, her gün ir bilen işe gelýänleriň ählisiniň ýüzüne ýiti synçylyk etdiler. Şol wagtyň özünde, mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda, şol tema boýunça leksiýalar bilen talyplaryň duşuşyklary geçirilýärdi. Şeýle-de, döwlet mediasy patriarhallyk kadalaryny berjaý etmek, päklik, kaýyl bolmak, elbetde, aýallar üçin amallaryny berjaý etmegi ündeýän ahlaky materiallary çap edip başlady.

Aýry-aýrylykda, juda ujypsyz hereketlere ýol beren sosial ulgamlaryň ýyldyzlaryny anyklamak boýunça işler alnyp baryldy.Kimler, käbir gudrat bilen öz suratlaryny we wideolaryny türkmen internetiniň doly petiklenen ähli filtrleriniň üstünden geçirip ýerleşdirenler yzarlandy.

Birden öjügen bu erkek şowunizmi öňräkden kök alyp gelýärdi.Döwlet ýolbaşçysynyň pikiriniň köneçil bolmagy "Ruhnama" kitaby bilen beýnisi ýuwlan ýaşlaryň häkimiýete gelmeginden başlandy.Ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň öz dünýäsi we öz maksady bardy. Şeýle-de bolsa, makala ýazýanlar düýbünden başga wakany ýatlaýarlar, ýagdaýa beletleriň we muny ýakyndan bilýänleriň mälim etmegine görä, iň bolmanda bu ýagdaýy esaslandyryjy türkmen häkimiýetleriniň, döwletiň ýokary wezipeli resmileriniň durmuşy görüp bilşi hem garaýşy şeýle.

2011-nji ýylda Türkmenistana gelen zenan parlamentarilerden ybarat delegasiýa bilen geçirilen duşuşykda, türkmen parlamentiniň başlygy, ol hem aýal, myhmana ýeke-täk ýörite aýallar türmesinde adam hukuklarynyň ýagdaýy barada, ýaňy-ýakynda çykarylan hasabaty gowşurdy.

Bu barlagy türkmen adam hukuklaryny goraýjylar geçirip, Norwegiýanyň Helsinki komiteti tarapyndan çap edilipdi.Hasabatda agzalýan faktlar şeýle bir aýylganç bolup, parlamentiň spikeriniň myhmana beren hasabaty prezident Berdimuhamedowyň halkara abraýynyň gaçmagyna howp salansoň, häkimiýetler tiz hereket etmek kararyna geldiler.

Öňki tussagyň sözüne görä, häkimiýetler bir gijede koloniýadaky tussag aýallary harbylaryň ýuwunýan we kir ýuwulýan ýerlerine getiripdirler. Olary saglyk üçin iň howply we zyýanly çärelerden mahrum edip; saçyňy ýuwup arassalamakdan, hapaçylykdan, parazitlerden tämizlenmekden aýrypdyrlar.

Soňra eli gandally çaga dogurmagy ýatyryp, enelere ýaňy dünýä inen çagasynyň ýanynda, bir aýdan gowrak wagtlap bolmaga rugsat berildi we hakyky lukmanlar peýda bolup, derman üpjünçiligi azda-kände ýola goýuldy, uçdan-tutma şmon barlag geçirmek seýrekledi, iýmit ýagdaýy gowulaşdy hem-de olaryň yzyndan getirilýän zatlaryň berilmegi artdy.

Ahyrsoňy türkmen häkimiýetleri aýallaryň koloniýasy üçin, Garagum çölüniň demirgazyk çetinden, täze kompleksi gurmak kararyna geldiler hem ol 2013-nji ýyla çenli, çalt depginler bilen guruldy. Ýöne türkmen türme häkimiýetleri şol syzyp çykan maglumatlara esaslanýan hasabat bolmasa, bu işe öz erkine girişmezdiler.

Ähli tussaglary ýapyk maşynlara salyp, täze koloniýanyň territoriýasyna getirdiler, olar iki müňden gowrakdy. Şahsy goş-golamlarynyň arasy bilen täze zonanyň içine "gadagan edilen zadyň" getirilmeginiň öňüni almak we barlag geçirmek üçin, olara ähli egin-eşigini çykaryp, doly ýalaňaçlanyp, goşlaryny-da bir gyrada goýmak tabşyrylýar. Soňra olaryň ählisini bir hatara düzüp, geýinmäge mümkinçilik bermän, täze zonanyň territoriýasyna sürüpdirler.

Ähli aýal tussaglary öňki ýolbaşçy bolanlary, şol sanda iň ýokary derejelerde oturanlary, ogrulary, neşekeşleri, kontrabandaçylary, “halk duşmanlarynyň” aýallaryny we ejelerini baryny bir hatara düzüp, täze türmäni açmak üçin ýörite gelen IIM-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryň gözüniň alnynda, başdan-aýak ýalaňaç halda, ýel öwüsýän koridoryň içinden geçipdiler. Ýöräp bilmeýän bir aýaly iki bolup, düşekde göterip saldylar.

Olar hem doly ýalaňaçdy.Bu göçýänleri olary göçürýänler surata düşürdiler.Soňra içerki howpsuzlyk gullugy daşary ýurtlara nobatdaky syzyp çykmalardan howatyr edip, öňüni alýança, ol suratlar jezany ýerine ýetiriji bölümiň işgärleriniň we IIM-niň arasynda ýaýradyldy. Ýerine ýetiriji ýokardan buýruk berilmese, şeýle ýörite çäre barada, özi karar çykaryp bilmezdi.

Koloniýanyň başlygy Şaýdykow aýallardan gorkusy we kemsitmeleri üçin, doly ar alandygyna gaty hoşal boldy.

Aslynda bu utançly çäre guramaçylaryň hiç biriniň aladasyna däldi, olaryň alnyndan geçenler kimdir birleriniň ejesi, aýaly, goňşusy, iň bolmanda, adam, öz hususy mertebesine eýe bolan ynsanlar topary aýallardy. Türkmenistanda adam mertebesi düşünjesi doly ýok, ol ýurduň ýokary wezipeli resmileri tarapyndan ret edildi. Beýan edilen "ýalaňaç ýöriş" bolsa ýokardan girizilen umumy atmosferanyň diňe bir mysalydy.

Täze koloniýa barada aýdylanda, ol derrew köne "dowzahyň" bölümine öwrüldi.Medeniýetiň ähli amatlyklary, kondisionerler, öý-hojalyk tehnikasy derrew sandan çykdy, onuň belli bölegi bolsa dürli bahanalar bilen owal başdan tussaglara gelip ýetmändi.

Garawul işgärleri hem çalt wezipesinden boşadylýardy, çölüň eteginde hatda ýörite gurlan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagam asla amatly däldi.Ol ýerde doktor ýokdy, enelere çagalaryna garaşyk etmäge rugsat berilmedi, hemme zat adaty ýagdaýa öwrüldi.

Günbatar diplomatlary bu koloniýany görmäge taýýardygyny bildirenlerinde, türkmen häkimiýetleri tussaghanadaky iň bagtyýar bölegine bil baglap, geljeklere görkezmek üçin, iň sagdyn, owadan, ýylgyrmagy başarýan tussaglary öňünden saýladylar.Gelenlere göreldeli şekili görkezdiler.

Olar, dogrudan-da, munuň şeýledigine öz görýänlerine ynanmak islediler.Ol diwardan arkada, goňşy barakda bolsa, dünýäden doly üzňelikde, duşuşyga we islendik aragatnaşyga hukuksyz bolan aýallar saklanýardy.Hatda tussaglaryň biri doktoryň kömegi bolmazdan, doly arassaçylyk ýok şertde, kameranyň polunda çaga dogurdy.

Bu barada koloniýada myş-myş gürrüňler ýaýranda, türme hojaýynlary öz "antikriz" usulyny işledip, onuň radikal-yslamçynyň aýalydygyny aýdyp, onuň azatlykda bolan adamsynyň güýç ulanmak arkaly boşadaýmagyndan howatyrlanyp, doly üzňelikde saklanmagynyň sebäbini düşündirdiler.

Eger türkmen häkimiýetleri tarapyndan jemgyýetiň sosial gurluşynyň doly ygtyýarly agzasy bolan aýallary töwerek-daşy bilen gurşap alan sistema bolmadyk bolsa, hakykat ýüzünde beýle elhençlikleriň ählisiniň bolup geçýän wagtynda, saç boýamagyň we botoksyň gadagan edilmegi ýönekeý zada öwrülerdi. Häkimiýetleriň muny etmek synanyşyklary eýýäm durnukly endikleriň çäginden çykyp, täze ideologiýa öwrüldi.

Türkmen häkimiýetleriniň iň ýokary gatlagynda zenanlaryň bolmagy, goý, hiç kimi aldawa salmasyn, olar ilkinji bolup, aýallardan talap edilýän berk çäklendirmäni başdan geçirýärler we türkmen jemgyýetiniň ýörite köneçillik matlabyna gönükdirilen maksatnamasynyň bendilerine öwrülýär.

Pagtany el bilen ýygmakdaky agyr zähmet, elde haly dokamak we keçe basmak üçin, ýüňüň üstünde işlemek, iş wagtynyň we howpsuzlyk kadalarynyň ýüzleý berjaý edilmegi ýa-da asla olaryň berjaý edilmezligi we köp sanly beýleki ýagdaýlar esasynda, häkimiýetler "zähmetiň däp bolup gelen milli görnüşine" geçýärler.

Aýratyn-da, oba ýerlerinde şeýle.Indi bolsa bu ýowuz hem ýapyk çäkden çykmaga hiç hili mümkinçilik ýa-da umyt goýman, jemgyýetdäki aýallaryň ornuny “milli däp-dessurlyk” ideologiýasyny döretmek bilen esaslandyrýarlar.

Hawa, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda, Daşary işler ministrliginiň beýanatyndan soň, maşyn sürýän zenanlara duşup bolýar, käbirleriniň ýüzünde botoks we makiýaž edilendigini-de görse bolýar, golaýda ýurtda gadaganlyk girizilendigine garamazdan, suwa düşülýän eşikli aýallar-da bar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň kepilliklerinden soň, aýallara, dogrudanam, biraz wagt azar berilmez. Ýöne bir möhüm ýagdaýa düşünmek gerek häzir türkmen häkimiýetlerini erkek şowunizmi meselesinde çynlakaý synanyşyklar bilen hususan-da öz gazyny satmak isleýän Ýewropa ýurtlarynyň öňünde, aç-açan retrogradlar hökmünde tanalmakdan gorkýandyklary sebäpli yza çekildiler.

Bu gezek türkmen aýallarynyň bagty getirdi diýse bolar. Ine, türkmen aýal "bagty" şeýleräk.

----------------------------------------

Bu ýerde beýan edilýän pikirler awtora degişli we ol Azatlyk Radiosynyň garaýyşlaryny aňlatman biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ekspertiň pikiri: Türkmen ykdysadyýetiniň "diagnozyny" bejerip bolarmy?
800 müň elektroulag öndürer
“Farap” gümrük nokadynda Port gözegçilik topary açyldy
Sungat eserlerinde Bitaraplygymyzyň waspy
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işgärleriniň 70-e golaýyny sylaglady