Türkmen bedewi halkymyzyň buýsanjy

Türkmen bedewi halkymyzyň buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmen bedewi halkymyzyň buýsanjy ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýik ösüşleri nazarlaýan döwrümizde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belent derejelere göterilýändigini belläp, türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr, çünki bedewler biziň milli buýsanjymyz uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyzdyr diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaby
Merriam-Webster ýylyň sözüni mälim etdi
Oksford ýylyň sözüni mälim etdi
Arkadag Serdarly ýurtda, sarpaň belent Pyragy
Osmakçy, sözaýdyjy we sawçy: Türkmenleriň gudaçylyk dessurlary
Arkadagyň eserleri ömrümize nur çaýýar atly döredijilik duşuşygy geçirildi