Milli baýlygymyz we guwanjymyz, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, türkmen atlarynyň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin: ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmaly: Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň atbakary Rejepmuhammet Ataýewiç Gylyjowa; hususy atşynas Ataberdi Borjakowa; Aşgabat şäherinden hususy atşynas Bäşim Öwezmyradowiç Bäşimowa; Balkan welaýatyndan hususy atşynas Orazdurdy Mämmetniýazowiç Orazmyradowa; Daşoguz welaýatyndan hususy atşynas Hemra Täzebaýewiç Rejepowa.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
