Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ýyndamlygyň gözbaşy atly sergisi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ýyndamlygyň gözbaşy atly sergisi

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda hem türkmeniň uçar ganaty ýakyn syrdaşy hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň baýramy diýarymyzyň dürli künjeklerinde uly şatlyk şowhuna beslenip bellenilip geçilýär. Ahalteke bedewlerimiz dünýä atşynaslygynyň taryhynda möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ýyndamlygyň gözbaşy atly sergi gurnaldy. Ajaýyp sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramowyň Görogly, Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň Ýaz sagymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedowyň Garaşsyzlyk toýy atly ussat suratkeşleriň eserleri sergilendi.

Sergä gatnaşanlar milli taryhy medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň ýyndam jandarlary
26.04.2018 | Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarka hem-de Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty atly X halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
29.05.2018 | Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär