Türkmen BerkMetal HK-nyň bilermenleri ýuwmagyň dürli görnüşleri üçin niýetlenen serişdeleriň arasyndaky esasy tapawudy düşündirdiler

Türkmen BerkMetal HK-nyň bilermenleri ýuwmagyň dürli görnüşleri üçin niýetlenen serişdeleriň arasyndaky esasy tapawudy düşündirdiler

Hojalyk himiýa önümleriniň türkmen öndürijisi Türkmen BerkMetal HK-nyň hünärmenleri elde we maşynda kir ýuwmak üçin niýetlenen kir ýuwujy serişdeleriň arasyndaky esasy tapawudy düşündirdiler.Kompaniýanyň bilermenleriniň bellemeklerine görä, esasy tapawut döreýän köpürjigiň düzüminde we möçberindedir: elde ýuwmak üçin niýetlenen serişdeler has köp köpürjik döredýär, awtomatiki maşynlar üçin niýetlenen ýuwujy serişdeler bolsa onuň içiniň doldurylmagynyň öňüni almak maksady bilen, düzüminde az mukdarda köpürjik döredijileri saklaýar.

Kompaniýada maşynda ýuwmak üçin pes temperaturalarda kirleri netijeli aýyrýan ýörite fermentleriň ulanylýandygyny, olaryň elektroenergiýany tygşytlamaga mümkinçilik berýändigini we matalara aýawly çemeleşýändigini bellediler. Elde ýuwmak üçin serişdeler, öz gezeginde, düzüminde elleriň derisini goraýan we amatly ulanylmagyny üpjün edýän goşundylary saklaýar.

Türkmen BerkMetal HK-nyň kir ýuwujy serişdeleriniň görnüşleri

Türkmen BerkMetal sarp edijilere dürli ýuwujy we arassalaýjy serişdeleri hödürleýär. Kir ýuwujy serişdeleriň hataryna 350 gramdan 25 kilograma çenli dürli gaplama görnüşlerinde elýeterli bolan meşhur Emaý, Güneş, Sar, Ari we Arýa haryt nyşanlary girýär.

Kir ýuwujy serişdelerden başga-da, kompaniýa dürli görnüşli ýuwujy we arassalaýjy serişdeleri: tegmilleri aýryjylary, gaty ýerler üçin suwuk arassalaýjy serişdeleri, agardyjylar, lagymlary arassalamak üçin suwuk we tozga görnüşli serişdeleri, şeýle hem antibakterial dezinfisirleýji serişdeleri öndürýär.

Türkmen BerkMetal HK sizi turkmenberk-metal.com resmi saýtynda ýa-da şäheriňizdäki dükanlarda önümleriniň ähli görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž: Hiliň kepili: "Türkmen Berk-Metal"-yň ýuwujy serişdeleri

Ýene degişli makalalar

Türkmen BerkMetal Türkmenistanda ekologik taýdan howpsuz öý himiýa serişdelerini öndürýär
Türkmen BerkMetal Güneş hojalyk himiki serişdelerini hödürleýär
TÜRKMEN-HYTAÝ STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni
Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi we Bir guşak bir ýol başlangyjy sebitiň halklarynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönüden-göni hyzmat edýär