
23-nji oktýabrda Ankarada 26-njy Administratiw kazyýetinde Türkiýede tussag edilen we soňra dereksiz ýitirim bolan türkmen bloggerleri Alişer Sahatowyň we Abdulla Orusowyň sud işi boýunça kazyýet diňlenişigi geçiriler. Bu barada adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Türkmen Helsinki Fondy” habar berýär.
Bu maglumaty Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa hem, 20-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda tassyklady. Ýöne ol adamsynyň we onuň bilen bir wagtda tussag edilen Orusowyň niredediginiň nämälimligine galýandygyny belledi.
“Blogçylaryň aklawçysynyň sözlerine görä, kazyýet diňlenişiginde türk immigrasiýa gullugynyň iki türkmen raýatyny Türkmenistana deportasiýa etmek barada çykaran kararynyň şikaýat arzasyna serediler” diýlip, “Türkmen Helsinki Fondunyň” 20-nji oktýabrda çap eden maglumatynda bellenilýär.
Şeýle-de, maglumatda bloggerleriň aklawçysynyň öz müşderileri bilen kazyýet diňlenişigine degişli maglumatlary maslahat etmek üçin, olar bilen diňlenişikden ozal duşuşmagyna rugsat bermegi haýyş edip, türk häkimiýetlerine hat ýazandygy hem nygtalýar.
Bu maglumatlary Sahatowyň aýaly hem tassyklap, ol adamsynyň nirededigi, şol sanda Türkiýede saklanýandygy ýa-da Türkmenistana deportasiýa edilendigi barada heniz hem hiç bir maglumatyň ýokdugyny belleýär.
"Üç aý bäri habar ýok"“Üç aý bolup gelýär. 24-nji [oktýabrda] habar almadygyma üç aý bolýar” diýip, Gülala Hasanowa aýtdy.
Ýatlatsak, “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda Türkmenistandaky polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalary gozgan 39 ýaşly Sahatow 28-nji aprelde daňdan raýat eşikli näbelli adamlar tarapyndan tussag edilip, Sinop şäheriniň polisiýa merkezine alnyp gidildi. Onuň ilki Ankaranyň "Akýurt" deportasiýa merkezinde, soňra-da Edirnedäki deportasiýa merkezinde saklanýandygy mälim boldy.
Gülala adamsy bilen soňky gezek 24-nji iýulda gürleşendigini we şondan soň onuň bilen aragatnaşygyň ýitendigini aýdýar.
YouTube kanalynda türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini gozgan Orusowyň we Sahatowyň Edirnedäki deportasiýa merkezinden Sinop şäherine alnyp gidilendigi aklawçysyna aýdyldy, emma Sinopda olaryň barandygy tassyklanmady.
Gülala şondan bäri özüniň we bloggerleriň aklawçysynyň türk häkimiýetlerine yzygiderli arza ýazýandygyny, ýöne olaryň özlerine Sahatowyň we Orusowyň ne deportasiýa merkezinden boşadylandygy, ne-de deportasiýa edilendigi barada resminamany gowşurýandygyny tekrarlaýar.
Ol şuňa meňzeş arzany soňky gezek mundan 10 gün ozal Sinop prokuraturasyna ýazandygyny, ýöne öz arzasyna “ýeterlik derejede deliliň ýokdugy” barada jogap berlendigini belleýär.
“Departasiýa merkezi “biz goýberdik, bizden çykdy” diýýär. Bizem “bu adamlar ýok, tapyp beriň” diýip, prokuratura arza ýazdyk. Olar biziň arzamyza “bular çykyp gidipdir, bellisi ýok, ýetersiz delil” diýip jogap berýärler. Olar dirimi, ölümi, nirededigi belli däl. Bize hiç kim jogap berenok” diýip, Gülala aýtdy.
"Bu ýagdaýa hiç kim düşünip bilenok, hiç kim"Ol 23-nji oktýabrda Sinopdan Ankara baryp, bloggerleriň aklawçysy bilen bilelikde kazyýet diňlenişigine gatnaşmagy meýilleşdirýändigini we adamsyny hem-de Orusowy sud zalynda görmegi we şol güni olaryň azatlyga goýberilmegini örän umyt edýändigini hem belledi.
“Inşallah şol ýerden çykar diýen umydymyz bar. Ýöne aňyrda-da bellisi ýok diýýärler. Aklawçy hem, hiç zady öňünden çak edip bilenok. Olam baraly we göreli diýýär. Bu ýagdaýa hiç kim düşünip bilenok, hiç kim” diýip, Sahatowyň aýaly aýtdy.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary dört aý gowrak ozal tussag edilen we üç aý bäri dereksiz ýitirim edilen Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilmek howpunyň abanýandygyny aýdyp, ykbalyna uly aladalanma bildirýärler.
Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolan ýagdaýynda, munuň Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladýandygyny belledi.
3-nji iýunda türk parlamentiniň agzasy we adam hukuklaryny goraýjy Ömer Faruk Gergerlioglu Türkiýäniň deportasiýa merkezinde saklanýan Orusowyň we Sahatowyň yzyna ugradylmagynyň derrew öňüni almaga çagyrypdy. Gergerlioglu olaryň Türkmenistana dolanan halatynda janyna howp abanyp biljekdigini hem duýdurdy.
2023-nji ýyldan bäri Türkiýede we Orsýetde ençeme türkmenistanly zor bilen ýitirim edilip, soň Türkmenistana alnyp baryldy. Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow dagy bar. Olaryň birnäçesiniň ykbaly näbelli bolmagynda galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.