Türkmen döwlet gurjak teatry milli teatr gözden geçirilişine “Kerwenbaşynyň ogly” oýnuny taýýarlady. Onuň edebi esasyny Magtymguly Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň esasynda ýazdy. Gadymy kerwen ýollary gaýduwsyz we telekeçil adamlar üçin täze bilimleri öwrenmäge, tejribe toplamaga we ýokary derejelere galmaga mümkinçilik beripdir.
Oýnuň baş gahrymany kerwenbaşy Garagumdaky ýol-ýodalaryň ählisine belet eken, ýöne garransoň işini goýmaly bolupdyr. Onsoň ol ogluny argyşa barýan inisiniň ýanyna goşýar.
Ýöne ýolda tupan turýar-da, aga - ini hersi bir ýerden çykýar. Çala demi gelýän ýetginjegi geçip barýan kerwendäkiler halas edýärler. Onsoň ýigdekçe olar bilen gaýry bir ýurda barýar-da, söwdagäre kömekçi bolup geziberýär. Günleriň birinde bolsa, bazarda agasyna gabat gelýär.
Muňa begenen agasy oňa gürleýän toty alyp berýär. Bir gezegem patyşanyň gyzynyň gürläp bilmän ýatanlygyny barada habar eşidilýär. Patyşa: “Kim gyzymyň dilini açsa, ony şoňa berjek”-diýip jar çekdirýär. Onsoň ýetginjek totusyny alýar-da, bagtyny synamak üçin köşgä garşy ýola düşýär...
Oýunda dürli sahna tilsimleri ulanylypdyr.Onda ýolda bolup geçýän wakalar gurjaklar ulanylyp beýan edilýär.Ussalaryň biri agaçdan owadan gyzyň heýkelini ýasaýar.Ony gören tikinçi gyzyň gözelligine haýran bolup, oňa egin-baş tikýär.
Beýleki bir ýigidem Ýaradandan oňa jan bermegi diläp doga okaýar. Ýaradan oňa jan berenden soň gyzy kim almaly diýip jedel edýärler.Bu waka hem gurjaklarynyň üsti bilen şa gyzyna görkezilýär.
Ahyr dil açan şa gyzyny alan ýigit öz iline gelip, ulydan toý berýär.
Dürli halklaryň milli egin-eşiklerini geýen, dürli dillerde gürleýän mähelleli, göreni haýran edýän harytly Beýik Ýüpek ýoly döwrüniň gyzan bazary oýnuň has gyzykly sahnasy bolsa gerek, şunda egin-eşikler boýunça nakgaş Nataşa Kaýlyýewanyň işiniň has şowly çykandygyny bellemek gerek...
Esasy tomaşaçysy çagalar bolan gurjak teatrynda her bir oýun terbiýeçilik häsiýetli bolýar. Bu oýun hem ugurtapyjy we zähmetsöýer adamyň maksadyna ýetýänligini gürrüň berýär.
Magtymguly Hudaýberdiýewiň, Hojaguly Hojagulyýewiň, Hekim Kulyýewiň, Gülnar Orazgeldiýewanyň, Şirin Adaýewanyň we beýlekileriň gurjaklary oýnadan artistlerdiginem aýtmak gerek.