Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Açyk gapylar gününi geçirýär

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Açyk gapylar gününi geçirýär

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 15 16-njy aprelde sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby gullukçylary, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary hem-de instituta okuwa girmäge gyzyklanma bildirýänleriň ählisini Açyk gapylar gününe çagyrýar. Çäräniň dowamynda myhmanlar okuw işiniň guralyşy, ýokary okuw mekdebinde okadylýan hünärler we taýýarlyk ugurlary, institutynyň gazanan üstünlikleri, şeýle hem döwrebap enjamlar we ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilen okuw binalary, ýöriteleşdirilen otaglar we lingafon kabinetleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Geljekki dalaşgärler institutyň döredijilik we sport meýdançalaryna, şeýle hem talyp ýaşlaryň oňaýly ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilen umumy ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp görerler.Institutynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň 1972-nji (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty baradaky doly maglumatlary ýokary okuw mekdebiniň resmi web-saýtyndan alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa Kabul etmegiň tertibi: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
Dalaşgär 2024/magistr: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
“Royal Palace” Ýewropa 7 günlük syýahat aksiýasyny hödürleýär
Prezident Erdogan Ysraýylyň premýer ministriniň ABŞ-nyň kongresindäki çykyşy barada beýannama berdi
Ýusuf Akçura
Simurg söwda tory Türkmenistanda garaşaryna söwda etmek mümkinçiligini ýetirýär