Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Startap, täjirçilik pikiri we taslamasy atly bäsleşik geçirýär

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Startap, täjirçilik pikiri we taslamasy atly bäsleşik geçirýär

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleri ykdysady ugurlar boýunça talyplara we magistrantlara has-da giňişleýin öwretmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly başarnygyny ösdürmek boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we magistrantlarynyň arasynda Startap, täjirçilik pikiri we taslamasy bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu bäsleşik talyplaryň we magistrantlaryň ykdysadyýet ugry boýunça nazary bilimlerini amalyýetde ornaşdyrmaga, hususyýetçilikde täze pikirleri döretmäge we telekeçilik işlerini höweslendirmäge ýardam berer.

Institutyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bäsleşik döwlet dilinde geçirilýär.Gatnaşjak talyplar, magistrantlar we olara ýolbaşçylyk etjek mugallymlar baradaky maglumatlar, şeýle hem Startap, täjirçilik pikiri we taslamasy bäsleşigine hödürlenilýän işewürlik meýilnama 2024-nji ýylyň mart aýynyň 10‑na çenli bäsleşigiň Düzgünnamasynyň 1-nji goşundysyna laýyklykda, bäsleşigi guraýan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň tsiem.startup@gmail.com elektron poçta salgysyna ugradylmaly.

Bäsleşigiň ikinji tapgyryna 2024-nji ýylyň mart aýynyň 18‑ine çenli 1-nji tapgyrdan geçen talyplaryň we magistrantlaryň gatnaşmagyna rugsat berilýär.

Bäsleşik bilen bagly goşmaça sowallara jogap almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +99361833998, +99363403364.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Iň eýjejik gyzjagaz — 2024 atly bäsleşigiň jemi jemlendi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary dersi boýunça onlaýn bäsleşigini geçirýär
Haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi yglan edildi
Türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Pittsburg şäherine baryp gördi
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda maslahat geçirildi