Türkmen dzýudoçylar Tel-Awiw Gran prisine gatnaşar

Türkmen dzýudoçylar Tel-Awiw Gran prisine gatnaşar

Halkara Dzýudo federasiýasy (IJF) Tel-Awiw şäherinde (Ysraýyl) geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyny hem hasaba aldy.

Tapgyryň nobatdaky ädimine Türkmenistandan 13 türgen gatnaşar. Umumylykda bolsa oňa 56 döwletden erkek türgenleriň 229-sy, zenanlaryň bolsa 182-si wekilçilik eder. Bu tapgyr dzýudoçylaryň Pariž Olimpiadasyna toplajak utuklary üçin ýene bir mümkinçilik bolar.

Tel-Awiwdäki ýaryşda türkmen ýygyndysynyň erkekler bölümine Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (ikisi hem 60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi hem 66 kilograma çenli agram derejesinde), Parahat Nazarow, Begenç Soltanow (ikisi hem 73 kilograma çenli agram derejesinde), Şatlyk Seýitmyradow, Mämmedaly Açyldyýew (ikisi hem 81 kilograma çenli agram derejesinde) we Baýmyrat Majanow (100 kilograma çenli agram derejesinde) dagylar wekilçilik ederler.

48 kilograma çenli agramda ýaryşjak Aksoltan Hojageldiýewa bilen Kurbanaý Kurbanowa, 57 kilograma çenli derejede Maýsa Pardaýewa, 63 kilogramda Zülhumar Daşkynowa dagylar ýurduň zenanlar ýygyndysyna wekilçilik ederler.

Tel-Awiwdäki ýaryş 16-njy fewralda başlanyp, 18-nji fewralda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň gullugynyň başlygy Günbatar Şerianyň uruş zolagyna öwrülendigini duýdurdy
Hamas Ysraýylyň Ylalaşygyň Öňüne Bökdençlikler Goýýandygyny Beýan Etdi
Tel-Awiwde Bolan Partlamada 1 Adam Ýogaldy
“ABŞ, Ysraýylyň Edýän Jenaýatlarynyň Şärigi”
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçar Gämisini Ugratdy
ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçarlaryny Ornaşdyrdy