Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýokarky derejede ozalky geçirilen çäreleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika we senagat toplumynda, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Diplomatlar sebitleriň arasyndaky we medeni-ynsanperwer ulgamdaky işleri artdyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de taraplar sebit we halkara gün-tertibiniň möhüm meseleleri barada maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň energetika ministri bilelikdäki işewürlik maslahatyň guralandygy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025 XVI halkara ykdysady forumyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşyjylara