Türkmen-eýran söwdasyny gaýtadan 5,5 milliard dollara ýetirmek maslahatlaşyldy

Türkmen-eýran söwdasyny gaýtadan 5,5 milliard dollara ýetirmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Gurbanow Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň general gubernatory Ýakup Ali Nazari bilen duşuşdy.

IRNA habarlar gullugynyň şu gün habar bermegine görä, türkmen ilçisi duşuşygyň dowamynda koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň şertlerinde türkmen-eýran özara söwda dolanyşygynyň iň ýokary derejede 5,5 milliard dollara ýetendigini, emma onuň häzir az-kem pese düşendigini belledi.

Häzirki döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde bolsa, bu görkezijini has-da ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ilçi Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny gazanandan soňra oba hojalygynda, senagatda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny aýtdy.

Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň general gubernatory, öz gezeginde, eýran-türkmen halklarynyň köp asyrlyk taryhy gatnaşyklarynyň bardygyny, iki halkyň hem geçmişde umumy siwilizasiýa eýe bolandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, Nazari Eýranyň 31 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biridigini aýtdy, şeýle-de bu baýramçylyk bilen bagly gutlaglaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň arasyndaky işjeň gatnaşyklary ýola goýmak, dostluga, parahatçylyga we özara bähbide esaslanýan hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda dag-magdan, oba hojalygy we azyk önümleri pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy awgustda türkmen-eýran serhedindäki Bajygyran bazary gaýtadan öz işine başlady. Ol 34 aý öz işini çäklendirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran eksport-importynyň mukdary 1 million tonnadan geçdi
Türkmenistan we Eýran “Howdan-Bajgyran” serhet geçelgesinde ýük awtoulaglaryň geçirilişini dikeltdi
Aşgabatdan Awaza şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar, Maşatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler, Lebapda Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda spektakl sahnalaşdyryldy we beýleki habarlarda
Türkmen-eýran söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada pikir alşyldy
Türkmen-eýran serhedindäki bilelikdäki bazar gaýtadan açyldy
Türkmen-eýran nebit däl söwda dolanyşygy 79% artdy