Türkmen filmleri TÜRKSOÝ-yň kinofestiwalynda görkeziler

Türkmen filmleri TÜRKSOÝ-yň kinofestiwalynda görkeziler

Türkmenfilm birleşigi tarapyndan surata düşürilen we şu ýyl görkezilmäge başlan filmleriň ikisi ― Sahysalyh Baýramowyň Gyzyl kürte we Arslan Eýeberdiýewiň Istärin atly çeper filmleri 28 ― 30-njy iýul aralygynda Türkiýäniň Bursa şäherinde TÜRKSOÝ tarapyndan geçiriljek kinofestiwalda görkeziler.

Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiriniň ýazyşy ýaly, Türkmenfilmiň wekili Sahysalyh Baýramow festiwala gatnaşmak üçin Bursa şäherine bardy. Bu şäheriň 2022-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigini ýatladýarys.

Şu ýyl birleşigiň başga bir režissýory Wepa Işangulyýewiň Nejep oglan atly çeper filminiň Gorkut ara türk dünýäsi kinofestiwalynda görkezilendigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkiýede Türkmenistanyň Kino günleri geçirilýär
Kompozitor kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy
KOMPOZITOR FILMINIŇ NOBATDAKY HALKARA ÜSTÜNLIGI
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň Molla Nasreddin hakyndaky filmi surata düşürildi
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik