Türkmen futbolçylary 2026-njy ýylyň 20 ýaşa çenli ýaşlar toparlarynyň arasyndaky CAFA-nyň çempionatynda bäsleşerler

Türkmen futbolçylary 2026-njy ýylyň 20 ýaşa çenli ýaşlar toparlarynyň arasyndaky CAFA-nyň çempionatynda bäsleşerler

Türkmenistanyň ýygyndy topary şu gün Täjigistanda badalga alýan Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 20 ýaşa çenli ýaşlar toparlarynyň arasyndaky çempionatyna gatnaşar.CAFA-nyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşa Türkmenistanyň toparyndan başga-da Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýygyndy toparlary gatnaşarlar.

Bäsleşikler bir aýlawda geçiriler we iň köp utuk gazanan topar ýeňiji bolar.Birinji tapgyrda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň futbolçylary owganystanly deň-duşlary bilen duşuşarlar.Soňra, 13-nji maýda olar ýaryşyň eýeleri Täjigistanyň ýygyndysy bilen oýnarlar. 15-nji maýda Gyrgyzystanyň ýygyndysy türkmen futbolçylarynyň garşydaşy bolar.

Watandaşlarymyz ýaryşdaky çykyşlaryny 19-njy maýda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýun bilen jemlärler.Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysyna milli ýygyndy toparynyň öňki meşhur futbolçysy, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlar birinjiliginde çykyş edýän Arkadag-2 toparyna hem tälimçilik edýän 45 ýaşly Didar Hajyýew tälim berýär. Ýaşlar ýygyndysynda oňa Daýanç Garajaýew hem-de derwezeçileriň tälimçisi Saparmyrat Öwezow kömek edýärler. Ýatladyp geçsek, mundan öňki 2025-nji ýylyň CAFA-nyň çempionatynda Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Döwletmyrat Annaýewiň ýolbaşçylygynda alty toparlaryň arasynda bäşinji orny eýeläpdi. Şonda Täjigistanyň Tursunzade şäherinde geçirilen bäsleşikde biziň futbolçylarymyz Owganystanyň ýygyndysyny 4:2 hasabynda ýeňmegi başarypdylar.

CAFA-nyň karary boýunça, şol oýnuň iň oňat oýunçysy diýlip biziň toparymyzyň futbolçysy Orazguly Orazgulyýew ykrar edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Şagadam topary medal gazanmak mümkinçiligini elden berdi
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda