Türkmen, gazak we rus kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny işjeňleşdirerler

Türkmen, gazak we rus kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny işjeňleşdirerler

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň esasy ulag kompaniýalary bolan “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Gazagystanyň “KTZ Express” we “RŽD Logistika” kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler.

“Resminama üç taraplaýyn we üstaşyr gatnawda harytlaryň yzygiderli daşalmagyny, halkara import we eksport ýük gatnawynyň mukdaryny artdyrmagy, Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle hem ulag we logistika infrastrukturasyny bilelikde peýdalanmagy göz öňünde tutýar” diýip, “KTZ Express” kompaniýanyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Ylalaşyga görä, taraplar ýurtlaryň arasynda täze yzygiderli otlylary ýola goýmagy, şol sanda oba hojalyk we azyk önümleriniň iberiliş möhletiniň gysgalmagy bilen demir ýol ugurlaryny ösdürmegi maksat edinýärler. Ähtnamanyň çäginde olar Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin tehnologiki täzelikleri we bilelikdäki çözgütleri hödürlärler.

“RŽD Logistika” Russiýanyň döwlet demirýollary (RŽD) AGPJ-niň golçur kompaniýasy bolup, “KTZ Express” bolsa Gazagystanyň milli demir ýollary “Kazahstan Temir Žoly” kompaniýasynyň golçur kärhanasydyr. “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) AGPJ-niň paýnamalarynyň köp bölegi döwlete degişli bolup, ol Türkmenistanyň esasy ulag kompaniýasydyr.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Demirgazyk-Günorta geçelgesinde ýük daşamalarynyň 32 million tonna ýetmegine garaşylýar
“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar
Aşgabatda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi
RŽD Logistika, KTZ Express we TULM halkara üstaşyr ýük daşamalary boýunça Ähtnama gol çekdiler
Dubaýyň howa menzili BAE-den Türkmenistana uçuşlaryň täzelenen tertibini köpçülige ýetirdi, Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ordenini gowşurdy, Türkmenistanda geçiriljek ilat ýazuwy barada nämeleri bilmeli