Türkmen gyzynyň Fransiýadaky üstünligi

Türkmen gyzynyň Fransiýadaky üstünligi

Ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatynyň ajaýyp owazyndan ylham alýan zehinleriň kalbynda belent joşgun bar. Şol joşgundan döreýän aýdym-saz eserleri bilen ýaşlarymyz halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Orkestr saz gurallary fakultetiniň skripka hünäriniň 2-nji ýyl talyby Jemal Agajanowa Fransiýa döwletiniň Nissa şäherinde professional sazandalaryň arasynda geçirilen halkara bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp boldy.

Bu halkara medeni çärä 30 döwletden Italiýa, Germaniýa, Fransiýa, Polşa, Bolgariýa, Sloweniýa, Ukraina, Russiýa, Türkiýe, Hytaý, ABŞ we başga-da birnäçe döwletlerden ussat aýdymçylar, sazandalar, tansçylar we artistler gatnaşdylar.

Türkmen ýaşlarynyň daşary döwletlerde geçirilýän bäsleşiklere, festiwallara gatnaşmaklary täze döredijilik gözleglerine ataryp, dürli halklaryň sungat ussatlary bilen aýdym-saz sungaty arkaly dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ýardam edýär. Çekseň zähmet ýagar rehnet diýilişi ýaly, islendik hünärde hem üstünlik gazanmak, kämillik menzillerini nazarlamak ukyp-başarnygyňa hem-de çekýän zähmetiňe bagly bolup durýar.

Jemal Agajanowa Türkmenistan diýarymyzda hem-de halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýär.Ol 2019-nji ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen ýurdumyzyň ýörite sazçylyk mekdepleriniň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň uçurymlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde birinji orna mynasyp boldy. Şeýle-de 2020-nji ýylda Azerbaýjan döwletiniň Baku şäherinde nusgawy sazyny ýerine ýetiriji ýaşlaryň arasynda geçirilen IX halkara bäsleşikde üçünji orna Halkara bäsleşiginiň laureaty adyna mynasyp boldy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby Jemal Agajanowa paýtagtymyzda geçirilýän dürli dabaralara, konsertlere işjeň gatnaşýar.Ol Döwletmämmet Ökdirowyň ýolbaşçylygyndaky Ylham kamera orkestrinde, şeýle-de Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrinde skripka çalyp, tejribesini artdyrýar. Ýüregi hyjuwdan doly Jemala mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini hem-de halkara bäsleşiklerinde şowly çykyşlary arzuw edýäris!

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş eden ajaýyp zamanasyndan ruhlanýan zehinli ýaşlarymyzyň üstünlikli gadamlary batly bolsun!Gülzada GULDURDYÝEWA

Ýene degişli makalalar

Türkmen samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň 21 medalyna eýe boldular
Türkmen samboçylary Gazagystanda geçirilen dünýä birinjiliginde 6 medal gazandylar
Türkmenistanly samboçylar 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY