Türkmen haj zyýaratçylarynyň 289 sanysy Mekgä ugradylar

Türkmen haj zyýaratçylarynyň 289 sanysy Mekgä ugradylar

Haj parzyny berjaý etmek üçin 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda türkmen zyýaratçylarynyň 289 sanysy Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu baradaky Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Haj parzy Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde berjaý edilýär. Türkmen raýatlary her ýyl mukaddes Mekge we Medine şäherlerine haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin zyýarata iberilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy
Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Çeşmeler: Haj zyýaratynda 18 türkmenistanly zyýaratçy wepat boldy
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler
Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza gaýdyp geldi