Türkmen halkynyň Milli Lideri görnükli rus drižýory bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri görnükli rus drižýory bilen duşuşdy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Rais Rustam Minnihanow bilen Kazan Kremlinde ýaýbaňlandyrylan Pasha baýramçylygynyň dabaralaryna baryp gördüler.

Dabaralarda Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň teatr we tomaşa jaýlarynyň wekilleri görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirýärler, amaly-haşam sungatynyň eserleri sergilenýär.

Tatarysanyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow dabaralaryň çäklerinde Russiýanyň Mariniskiý teatrynyň çeper ýolbaşçysy we müdiri, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Waleriý Gergiýew bilen söhbetdeş boldy.Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar medeni gatnaşyklary, iki halkyň sungatda gazanan üstünlikleri dogrusynda pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görnükli sungat ussadyny Türkmenistanda geçirilýän medeni çärelere gatnaşmaga çagyrdy.W.Gergiýew öz gezeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna täsirli duşuşyk we bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Kazanda Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Ýene degişli makalalar

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ok-däri üçin pagta: Merkezi Aziýa Kremliň harby maksatlary üçin çig mallary nädip üpjün edýär
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Putin Hytaýa Gynanç Bildirdi