Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşiniň nyşany hökmünde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäräniň ýazky möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan bu dabara ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň joşgunly aýdym-sazlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ilkinji bag nahalyny oturdyp, Arkadag şäheriniň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berdi.

Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny oturtmaga girişdiler.

Ýene degişli makalalar

Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygy bellendi
Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert
Türkmen milli konserwatoriýasynda döredijilik hepdeligi geçirildi
Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň hepdeligi
Halypa bagşy Akjagül Myradowanyň doglan gününiň 100-ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara
Hally bagşynyň doglan gününiň 165-ýyllygy
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi