Türkmen halkynyň Milli Lideri türk Liderine hat iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk Liderine hat iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen hatynda türk Lideriniň tiz sagalandygy hem-de Türkiýäniň gülläp ösmegi ugrundaky döwlet işini dowam etdirýändigi baradaky habary ýakymly duýgular bilen kabul edendigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Özüňize mahsus bolan ýokary ruhubelentligiňiz we maksada okgunlylygyňyz bilen, Siz häzirki zamanyň görnükli syýasy işgäri hökmünde bütin dünýäde meşhursyňyz.Bu häsiýetleriňiziň berk saglygyňyz bilen birlikde, mundan beýläk-de halkara parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen giň gerimli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça Siziň köptaraply işiňiz üçin binýat boljakdygyna ynanýaryn” diýlip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk Liderine iberen hatynda bellenilýär.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size berk jan saglyk, Türkiýäniň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine parasatly, ýadawsyz işiňizde hemaýat bersin!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Türkiýäniň Saglyk ministiriniň habar bermegine görä, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan aşgazan sowuklamasynyň biynjalyk edendigi bilen bagly degişli bejergileri aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow we Alparslan Baýraktar türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Ärdogan Pezeşkiýan saýlawlarda üstün çykandan soňra Eýran bilen gatnaşyklaryň işjeňleşmegine garaşýar
Ärdogan Niderlandlar bilen Türkiýäniň arasyndaky oýuna tomaşa eder
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi
Ärdogan saglygy goraýyş we şäher gurluşygy ministlerini çalyşdy
Türk Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady