Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitine gatnaşdy

16-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ol ýerde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy.

Ankara ugramagynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi bilen söhbetdeş bolup, köp ugurlar boýunça okgunly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini hem-de ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şu sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak, täze wehimlere garşy durmagyň çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle-de sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary girizildi.

Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra sammite gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna söz berildi.

Soňra sammite gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygynyň hem-de guramanyň Baş sekretarynyň çykyşlary diňlenildi.

Ýene degişli makalalar

ТЕЛЕФОННЫЙ РАЗГОВОР МЕЖДУ НАЦИОНАЛЬНЫМ ЛИДЕРОМ ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЕМ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА И ПРЕЗИДЕНТОМ ТУРЕЦКОЙ РЕСПУБЛИКИ
Serdar Berdimuhamedow Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna 20 döwlet Baştutany we 45 ministr gatnaşar
Ärdogan gaz merkezi taslamasyny durmuşa geçirmekçi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar
Türkmen halkynyň Milli Lideri türk Liderine hat iberdi