
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi guwandyryjydyr diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň hatynda bellenilýär.