Türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri telefonda söhbetdeş boldular

Türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri telefonda söhbetdeş boldular

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan telefon arkaly söhbetdeş boldular. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda taraplar köpugurly türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly özüne hem-de maşgala agzalaryna gynanç bildirendigini we duýgudaşlyk sözlerini beýan edendigi üçin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe bilen köpugurly, uzak möhletleýin strategik gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz, ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Şeýle-de bilelikdäki tagallalar netijesinde, soňky ýyllarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygy we häzirki wagtda giň ugurlar boýunça ýokary depginlerde ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de täze ugurlar boýunça ýokary depginlerde ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri gynanç we duýgudaşlyk bildirendigi üçin dostlukly döwletiň Baştutanyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, mukaddes Oraza aýy we ýetip gelýän nurana Oraza baýramy bilen türk Liderini tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk we bagt, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyz Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Ärdogan Pezeşkiýan saýlawlarda üstün çykandan soňra Eýran bilen gatnaşyklaryň işjeňleşmegine garaşýar
Serdar Berdimuhamedow we Alparslan Baýraktar türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Ärdogan Ankarada türkmen wekiliýetini kabul etdi
14-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
Prezident Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eder