Türkmen halkynyň Milli Lideri yslam mirasyny gorap saklamak boýunça ICESCO-nyň Strategiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri yslam mirasyny gorap saklamak boýunça ICESCO-nyň Strategiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäheriniň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürdi.Esasy teklipleriň biri hökmünde yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamak teklip edildi.

Türkmenistan yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýär.Diňe bir öwrenmäge we ylmy barlaglara däl-de, eýsem, edebi-publisistik eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň ilerletmäge ünsi jemlemegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Çykyşynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ICESCO bilen hyzmatdaşlygy halkara ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýandygyny hem nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri yslam dünýäsiniň akylly şäherler diplomatiýasy başlangyjy bilen çykyş etdi
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY TAMAMLANDY
Gahryman Arkadagymyz Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanly talyp Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby diýen hormatly ada mynasyp boldy
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ KAZAN ŞÄHERINIŇ YSLAM DÜNÝÄSINIŇ MEDENI PAÝTAGTY DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI YHG-NYŇ MASLAHATYNDAKY ÇYKYŞY