Türkmen halyçylygy — ýurdumyzyň däp-dessury we häzirki zaman nyşany

ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule hormatly Prezidentimize türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakynda şahadatnamanyň asyl nusgasy bilen bilelikde resmi hatyny ugratdy.

TDH-nyň ozal habar berşi ýaly, bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde kabul edildi. Ol 2019-njy ýylyň 9 — 14-nji dekabrynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde geçirildi. Şonda bu waka Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe özboluşly sowgat boldy.

Ine, indi bolsa, Nowruz baýramynyň öň ýanynda ählumumy medeni baýlygyň bir bölegi hökmünde türkmen halyçylyk däpleriniň taryhy ähmiýetini we gymmatyny tassyklaýan güwänama Aşgabada gelip gowuşdy.

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Türkmenistany we BMG-ni, hususan-da, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyny (ÝUNESKO) köp ýyllyk we netijeli hyzmatdaşlyk birleşdirýär. Onuň netijeleriniň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç hem-de Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, Görogly şadessanynyň hem-de Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bar.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasynyň çuňňur öwrenilmegini, onuň gadymy däpleriniň aýawly saklanylmagyny we baýlaşdyrylmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde yglan etdi.

Ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge, onuň taryhy babatda ylmy-barlaglara, türkmen halylarynyň dünýä ýüzünde tanalmagyna aýratyn üns berilýär. Halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär, halyçy zenanlaryň netijeli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin şertler döredilýär we kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde giňden ýaýran, türkmen halylarynyň gözelligini wasp edýän Janly rowaýat hem-de Arşyň nepisligi atly kitaplarynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi, milli el halyçylyk sungatynyň öwrenilmegine we wagyz edilmegine uly goşant boldy.

Milli Liderimiziň şol ylmy işleri türkmen halylarynyň hem-de ussat halyçy gelin-gyzlarymyzyň zehininiň daşary ýurtlardaky muşdaklarynyň sanyny artdyrýar. Ol adamzadyň dörän wagty döredijilik älemine açylan gapy hem-de taryhyň ýollarynda halkymyzyň geçen dowamly ýoly bolup durýar.

Haly gölleri ösüşiň uzak ýoluny geçmek, halkyň ruhy özboluşlylygynyň we beýik baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen häzirki zaman türkmen döwletinde milli taýdan jebisleşdiriji nyşanlaryň birine öwrüldi. Haly gölleri ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny bezeýär, binagärçilik bezeginiň aýrylmaz düzümi bolup durýar.

Aşgabatdaky türkmen halysynyň milli muzeýi gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasy bolup durýar. Bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen çeperçilik gymmaty we tehniki taýdan taýýarlanyşy boýunça örän seýrek duş gelýän baý gymmatlyklar toplumy ýygnalandyr. Alymlaryň, hünärmenleriň we halyçylaryň gözlegleriniň we tutanýerli zähmet çeken ýyllarynyň dowamynda gadymy nagyşlaryň ýüzlerçesi dikeldildi, ajaýyp sungatyň irki nusgalary rejelendi.

Türkmen halylary çeper sungatyň we ajaýyplygyň nyşany hökmünde dünýä ýüzünde hemişe ýokary baha mynasyp boldular. Olaryň gadymy nusgalary häzirki wagtda hem dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşen ýurtlaryň muzeýlerinde, sergi zallarynda we çeper eserleriň galereýalarynda aýawly saklanylýar.

Bu gün işjeň halkara medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklary milli halyçylygy ösdürmekde we ony dünýä bazarlarynda ilerletmekde möhüm orun eýeleýär. Olaryň ösdürilmegine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow uly ähmiýet berýär.

Mysal üçin, 2018-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Dubaýda geçirilen halkara sergisinde haly önümlerini görkezdiler. Şonda olar uly üstünlige eýe boldular. 2019-njy ýylda bolsa, BAE-niň şol şäherinde eýýäm türkmen haly önümleriniň ýöriteleşdirilen dükany açyldy.

...Häzirki sazlaşykly durmuş bizi özüniň batly depginleri bilen hemmetaraplaýyn gurşap alýar, biz bolsa, köplenç, onuň joşgunly akymynda taryhymyzyň damar urşuny hem duýman galýarys.Ol däpleriň dowamlylygynyň altyn ýüpekleri bilen bizi daşky gurşawa baglaýar, häzirki döwrüň halylaryna ornaşyp, durmuş-taryhy we medeni gurşawyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

Biz şol gurşawda ýaşap, zähmet çekýäris, pikir ýöredýäris.Onda häzirki döwrüň täze hadysalary döreýär hem-de täze nesiller kemala gelýär.

Şol ýüpekleriň dowamlylygy bolsa, türkmen halkynyň öz mirasyna mukaddes sarpa goýup, ony diňe muzeý gymmatlyklary we etnografik genji-hazyna hökmünde däl-de, eýsem, her bir täze günüň baýlygy hökmünde asyrlaryň we müňýyllyklaryň içinden geçirip gelendigi üçin üzülmeýär.

Çagalara kiçilikden öçmejek mirasymyz diýip atlandyrýan ummanymyza öz zehininiň damjasyny, goşandyny goşan ata-babalarymyzyň döreden zatlaryna hormat goýmagy öwretmek — olaryň kalbynda Watanymyzyň keşbini ornaşdyrmagy aňladýar.

Şol keşp bilen olar hemişe aýrylmaz baglanyşykly bolup, ony Watana bolan söýgüleri bilen baýlaşdyrarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, diňe şeýle bolanda, millet dowamat bolýar. Diňe şeýle bolanda, maddy we ruhy baýlygyň esasynda onuň özboluşly medeniýeti pajarlap ösýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasy Halkara parahatçylyk güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
03.11.2020 | Türkmenistan ÝUNESKO: medeni diplomatiýa
Türkmenistan ÝUNESKO: medeni diplomatiýa
2020-nji ýylyň oktýabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
BMG-de Umman ylymlarynyň 10 ýyllygy başlady