Türkmen halysy — akyl ýetirip bolmajak gözellik

Türkmen halysy — akyl ýetirip bolmajak gözellik

Türkmen halysy — türkmen halkynyň milli medeniýetiniň bir bölegidir.Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Arşyň nepisligi atly kitabynda türkmeniň halysy bilen tebigatynyň sazlaşygyny Türkmen halysy — türkmeniň tebigata bolan badaşygynyň nusgasy.Türkmen halysy türkmeniň äleme bolan soňsuz tagzymynyň beýanydyr.

Türkmen halysy onuň köňlüniň aýdymydyr.Bu aýdym bolsa bir günüň ýa bir döwrüň, asyryň aýdymy bolman, ol heňňamlaryň sedasyny gursagyna guýandyr diýip, beýan edýär.Dogrudan-da, türkmen halylarynda nagyşlar arkaly daşky gurşaw, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy umumylaşdyrylyp, nepislik bilen beýan edilýär.

Eger nagyşlary içgin synlasaň, olarda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy bilen tanşyp, şol halyny dokan dokmaçynyň daş-töweregini gurşap alýan tebigatyň neneňsidigini bilip bolýar.Galyberse-de, türkmen halysynda göllerdir, nagyşlar arkaly, mertlik, gahrymançylyk, ata Watana wepalylyk ýaly düşünjeler beýan edilýär.

Şonuň üçin, türkmen halysy dünýä ýüzüniň alymlarydyr syýahatçylaryny, sungatşynaslaryny hem içgin gyzyklandyrypdyr.Daşary ýurt alymlary türkmen halylarynyň gadymylygy, onuň taryhy kökleri barada öz pikirini aýtsa, ýene biri onuň gözüňi aýryp bolmaýan owadanlygy, inçeligi, nepisligi hakynda, beýleki biri nagyşlarynyň sazlaşygy dogrusynda, ýene biri reňkleriniň öwüşgünleri barada ýörite belläp geçýärler.

XI asyryň arap jahankeşdesi Al-Istahri: Türkmen halylary özüniň haýran ediji gözelliginden başga-da, öýe gyşyna ýylylyk, tomsuna bolsa täsin salkynlyk berýär diýip, bellemek bilen bu sungat önüminiň bimöçber uly ähmiýete eýedigini jaýdar nygtaýar.

XIII asyrda wenesiýaly syýahatçy Marko Polo Bu ýerde, biler bolsaňyz, iň nepis hem owadan halylar öndürilýär, ýene gyzyl, başga reňkde hem kaşaň görnüşli, bijaý oňat matalar dokalýar, bu ýerde bulardan başga-da köp zatlar öndürilýär diýip ýazypdyr.

Arheologlaryň we etnograflaryň bellemegine görä, türkmen halylaryna salynýan nagyşlar biziň eýýamyzdan öňki V-IV müňýyllyklarda Günorta Türkmenistanyň ýerlerinde dörän we ösen ekerançylyk merkezleri bolan Änew medeniýetinden, Namazgadepe ýadygärliginden we Göksüýri oazisinden tapylan küýze önümlerindäki nagyşlar bilen gabat gelýär.

Mis-daş asyrynyň küýze önümleri esasan, üçburçlyk, sekizburçluk, tegelek, dörtburçluk, tolkun, nokat, gözenek nagyşlar bilen bezelipdir. Şol döwrüň nagyşly küýze önümlerinde geometrik şekillere, tebigat bilen bagly şekillere gabat gelmek bolýar.

Edil şonuň ýaly türkmen haly sungaty özüniň nagyş aýratynlyklary boýunça-da birnäçe toparlara, ýagny geometrik çyzykly we tebigat nagyşlaryna bölünýär:

Şu getirilen mysallardan çen tutsaň, onda mis-daş asyrynyň küýze önümlerindäki nagyşlar bilen, türkmen haly nagyşlarynyň arasynda berk baglanşygynyň bardygyny görmek bolýar. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, taryhyň dürli döwürlerinde özüniň gözelligini, nepisligini, sazlaşygyny ýitirmän, nesilden nesile geçip gelipdir. Bu günki gün türkmen halylary özüniň köp öwüşgünli, owadan nagyşlary bilen agzybir ojaklaryň, ajaýyp toýlaryň, gözel binalaryň bezegi bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Nowruzym — gadymy Oguz baýramy
Halaçda tegelek haly dokalýar
Aşgabatdaky kärhanada ýanwar aýynda 120 inedördül metr haly dokaldy
Küştdepdi — halklary birleşdirýän tans
TÜRKSOÝ-nyň agza ýurtlarynyň aýdymçylary we tansçylary onlaýn görnüşde küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler
Küştdepdi halklary birleşdirýän tans