Türkmen halysy törümiziň bezegi

Türkmen halkyny dünýä tanadan gymmatlyklaryň içinde haly aýratyn orny eýeleýär. Nepis halylara çeper elli gyz-gelinlerimiziň yhlasy, döredijilik ylhamy, olaryň mähriban topragymyza, il-günümize bolan söýgüsi siňipdir. Halkymyzyň owadan, nepis halylarymyza guwanjy, buýsanjy çäksizdir. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramynyň uludan toýlanylmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr.

Däp bolşy ýaly, bu ýyl hem ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisi, türkmen el halylarynyň sergisi, ussat halyçylara hormatly ady dakmak we sylaglamak dabarasy, baýramçylyk konsertleri, dürli duşuşyklar, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri we başga-da birnäçe köpçülikleýin çäreler geçirildi.

Ussat halyçylara hormatly ady dakmak we sylaglamak dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda milli halyçylyk sungatyny ösdürmäge, halylary ajaýyp nagyşlar bilen bezemäge goşan goşandy hem-de köpýyllyk halal zähmeti, hünär ussatlygy nazara alnyp, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen hormatly at dakyldy.

Ogulgerek eje uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezen, eliniň çeperligi, zähmetsöýerligi bilen ýaşlara görüm-görelde bolýan ussat halyçy hökmünde uly abraý gazandy.

Türkmen halkynyň taryhynda uly orun eýeleýän halyçylyk sungatynyň dowamaty dowam bolup, onuň şan-şöhraty has-da ýokary galýar. Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize gelip ýeten gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda nesillerimiz üçin taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup durýar.

2009-njy ýylyň 31-nji awgustynda paýtagtymyzyň merkezinde Türkmenistanyň haly muzeýi gurlup ulanylmaga berildi.Muzeý gaznasynda 2000-den gowrak haly we haly önümleri saklanylýar.Halylaryň iň gadymy görnüşi XVII asyryň başynda dokalypdyr.

Has irki döwre degişli bolan halylaryň ýyrtylan, zaýa bolan ýerlerini dokamak üçin muzeýiň ýörite ussahanasy hereket edýär.Halyçylar ussahanada diňe dikeldiş işlerini geçirmän, gadymy halylaryň nusgasynda täze halylary hem dokaýarlar.

Mälim bolşy ýaly, nepis halylarymyzyň dünýädäki şan-şöhraty barha artýar. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Gözbaşyny bäş müň ýyllyk taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan bu täsin gadymy sungatyň hormatyna bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň wesýet eden ruhy gymmatlyklaryna, özboluşly gadymy däp-dessurlarymyza sarpanyň uludygyny alamatlandyrýar.

Aýsoltan Tekäýewa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan-ÝUNESKO: hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Seýis Orazmyrat Annalyýew Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşykdan galan täsirlerini paýlaşdy
TDH: Aşgabat we Pekin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň taslamasy boýunça ylalaşdy
Parlamentara hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi
“Ylym ösüşleriň çeşmesi” atly sergi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň“ atly serginiň