Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreler geçirildi

30-njy maýda tutuş ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene — Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler guraldy. Şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХI mejlisi, “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly halkara maslahat, söwda toplumynyň sergisi guraldy.

Söwda-senagat edarasynda geçirilýän iki günlük sergä ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýram mynasybetli iberen Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Giň möçberli sergi söwda toplumynyň, dokma we haly önümçiligi pudaklarynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleri, şeýle hem soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologiýalary we täzeçil işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň hasabyna, hereket edýän düzümleriň önümçilik mümkinçiliklerini berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli işleri doly açyp görkezýär.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary netijesinde guralan hem-de däp boýunça her ýyl geçirilýän sergide “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly ýokary hilli harytlaryň köp görnüşleri görkezildi.

Serginiň birinji gününiň çäklerinde ýurdumyzyň Modeller öýüniň guramagynda geçirilen “Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary” atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onuň ýeňijileri bu ugur boýunça dünýä tejribesini milli ýörelgeler bilen utgaşdyryp, täze, göze gelüwli lybaslaryň gözden geçirilişini guradylar.

Lomaý hem-de bölek satuw bilen meşgullanýan pudaklaýyn düzümler, söwda merkezleri, firmalar we kärhanalar, dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen hususy düzümler serginiň dowamynda öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň ugurlary kesgitlenildi.

Haly önümleri, ajaýyp nagyşly zenan lybaslary, zergärçilik we sowgatlyk önümler

Amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli haly önümleri, milli matalar, ajaýyp nagyşlary bolan zenan lybaslary, zergärçilik we sowgatlyk önümler bu günki serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi bu çärä özboluşly milli öwüşgin çaýdy.

Sergä gatnaşyjylar zenan yhlasyndan dörän nusgawy keşdeleri, özboluşly nagyşlary, hala çitilen ajaýyp suratlary, tebigatyň şekillerini, gobelen önümlerini uly höwes bilen synladylar. Aýratyn-da, häzirki zamanyň sanly ulgamy peýdalanylyp dokalan haly sergä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Onda türkmen tebigatynyň ajaýyp görnüşi ahalteke bedewleriniň şekilleri bilen sazlaşyp, milli sungatyň çäksizdigini ýene bir ýola subut etdi.

Bu ýerde türkmen halyşynaslyk sungatynyň täzeden dikeldilen gadymy nusgalary görkezildi. Ýüňden we ýüpekden dokalan halylar häzirki döwürde ýurdumyzda gadymy sungatyň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Pazyryk halysynyň nusgasy uly gyzyklanma döredýär

Halyçylar döredijilik gözlegleri bilen gadymy halylaryň nusgalaryny dikeldýärler.Bu babatda olar haly dokamagyň çylşyrymly we örän takyk usullaryny netijeli peýdalanýarlar.Geçen asyryň ortalarynda Altaý ülkesinde ýerleşýän depelerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan we häzirki döwürde Sankt-Peterburg şäheriniň Döwlet ermitažynda saklanýan ajaýyp Pazyryk halysynyň nusgasynyň taýýarlanandygyny bellemeli.

Iň gadymy haly hasaplanylýan we goýun ýüňünden taýýarlanan erişden dokalan bu halynyň biziň eýýamymyzdan ozalky V-IV asyra degişlidigini taryh ylmy subut etdi.Ol özüniň dokalyş aýratynlygy, inçeligi, reňkleriniň sazlaşygy we milli gymmatlyklary öz içine alýandygy arkaly türkmen halylarynyň gadymy nusgasy hökmünde ykrar edildi.

Mejlisi hem-de halkara maslahat geçirildi

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХI mejlisi hem-de “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly halkara maslahat geçirilip, onda türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki ösüş ýollary baradaky çykyşlar diňlenildi.

Bu ýerde halkymyzyň halyçylyk sungatynyň binýadyny kemala getirýän durmuş pelsepesi, baý medeni-taryhy tejribesi açylyp görkezilýän beýleki ugurlar barada giňişleýin gürrüň edildi.

Forumyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynda el halylaryny dokamagyň ösüşiniň taryhyny öwrenmek, dünýä halklarynyň amaly-haşam sungatynyň özara baglanyşygy we olary baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri öz içine alýan wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlar guraldy.

Oňa Russiýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň muzeýleriniň ýolbaşçylary, hünärmenleri, alymlar, sungaty öwrenijiler, işewürler, amaly-haşam sungatynyň muşdaklary gatnaşdylar.

Bu baýram mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaraly duşuşyklar, çeperçilik sergileri, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.

Sergi şu gün öz işini dowam edýär. Onuň tamamlanmagy bilen, sergä gatnaşyjylara degişli güwänamalar we diplomlar gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halylary adamzadyň medeni mirasynyň...
Asyryň süýji miwesi
05.12.2017 | Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar
Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar
12.12.2017 | Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak geljegiň binýadyny berkitmek
Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak geljegiň binýadyny berkitmek