Türkmen halysynyň waspy

Türkmen halysynyň waspy

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda, Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlap Dünýä waspy dolan türkmen halysy atly aýdym-sazly, sergili, baýramçylyk, döredijilik söhbetdeşligi geçirildi.

Dabarada muzeý gaznasyndan gurnalan milli gymmatlyklar, milliligimiziň nusgasy bolan milli halylarymyz, haly önümlerimiz, türkmeniň milli egin-eşikli misli janly pursady ýada salyp duran nakgaş eserleri, gözelligi göreni haýran edýän kürtelerimiz, Gahryman Arkadagymyzyň millilikden söz açýan kitaplary, dutar, şaý-sepler, küýzeler, şeýle-de muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezilendir. Ýylyň şygary bilen bagly milli gymmatlyklar hem sergide öz beýanyny tapýar.

Dabara Bäherden etrap haly kärhanasynyň işgärleri, şeýle-de Aşgabat şäheriniň haly kärhanasynyň işgärleri gatnaşyp, halynyň inçe syrlary barada gyzykly gürrüňler berdiler.Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem muzeý gymmatlyklary hem-de halynyň täsin gözellikleri dogrusynda gymmatly maglumatlar bilen dabara gatnaşanlarda täsirli ýatlama galdyrdylar.

Bu dabaranyň gyzgalaňly geçmegine ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşy has-da uly täsir etdi.

Şeýle ajap döwri bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Aýdymçynyň prezidente täç geýdirmek baradaky teklibi halkda köp sorag döredýär
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ DUŞUŞYGY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI